Goşun generaly To Lam Wýetnamyň täze prezidenti boldy

  • 23.05.2024 12:31
  • 5.4k+

Wýetnamyň Milli ýygnagy general To Lamy ýurduň prezidentligine saýlamak baradaky rezolýusiýany kabul etdi. Ol ozal jemgyýetçilik howpsuzlygy ministri bolupdy diýip, ýerli Thanh Niên neşirine salgylanýan RBK habar berýär.

To Lam 2026-njy ýyla çenli prezidentiň ygtyýarlyklaryny ýerine ýetirer. Ondan öňki Wo Wan Thyong "ahlak düzgünleri" sebäpli otstawka gitdi.
To Lam Wýetnamyň "hiç mahalam häzirki döwürdäki ýaly gorlary, abraýy we halkara derejesi bolmandy" diýýär we özi üçin iň möhüm zadyň "gülläp ösýän halk, güýçli ýurt, demokratiýa, adalat, siwilizasiýa" boljakdygyny aýdyp sözüniň üstüni ýetirdi.
Wýetnamyň täze prezidenti ýurduň daşary gatnaşyklary diwersifikasiýa etmek ugruny tassyklady hem-de milli goranmak we howpsuzlyk strategiýasyna aýratyn üns berjekdigini aýtdy.
Wýetnamyň bir partiýaly sosialistik parlament respublikasydygyny belläliň. Prezident, Wýetnam Kommunistik partiýasynyň (WKP) baş sekretaryndan soň, ýurduň syýasy ulgamynda ikinji adam hasaplanýar, onuň ýolbaşçylygy konstitusiýada göz öňünde tutulandyr. Döwlet baştutany Milli Mejlis (parlament) tarapyndan öz delegatlarynyň arasyndan saýlanýar.


09.04.2026 12:01
2.6k+

Serdar Berdimuhamedow Wýetnamyň saýlanan Prezidentini gutlady

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Wýetnamyň Kommunistik partiýasynyň Merkezi komitetiniň Baş sekretary To Lama Wýetnam Sosialistik Respublikasynyň Prezidenti wezipesine saýlanylmagy mynasybetli......

07.04.2026 21:02
2.3k+

Wýetnamda täze premýer-ministr saýlandy

Wýetnamyň premýer-ministri wezipesini ýurduň Kommunistik partiýasynyň Merkezi Komitetiniň sekretary we partiýanyň Merkezi guramaçylyk komitetiniň başlygy Le Min Hyng eýeledi. Ol 16-njy çagyrylyşyň Milli......

01.04.2026 19:38
6.8k+

Türkmenistanda 29-njy martda geçirilen saýlawlaryň jemleri jemlendi

Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek boýunça merkezi toparyň mejlisi geçirildi we onda 2026-njy ýylyň 29-njy martynda geçirilen saýlawlaryň jemleri jemlendi, tassyklandy we gutarnykly......

16.03.2026 14:21
2.7k+

Gazagystanda täze Konstitusiýa boýunça geçirilen referendumyň deslapky netijeleri mälim edildi

Gazagystan Respublikasynyň Merkezi referendum komissiýasy ýurduň täze Konstitusiýasyny kabul etmek boýunça geçirilen ses berişligiň deslapky netijelerini yglan etdi. Bu barada Tengrinews.kz neşiri habar berýär...