Gurbanguly Berdimuhamedow GDA-nyň Baş sekretary bilen duşuşdy

  • 23.05.2024 12:23
  • 4.2k+

22-nji maýda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow GDA-nyň Hökümet Baştutanlarynyň Geňeşiniň nobatdaky mejlisine gatnaşmak üçin ýurdumyza gelen Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň Baş sekretary Sergeý Lebedew bilen duşuşdy.

Gurbanguly Berdimuhamedow Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň Hökümet Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisiniň üstünlikli geçirilmegini arzuw etdi. Bu mejlis Arkalaşykda hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmek bilen bagly meseleleri ara alyp maslahatlaşmak üçin möhüm meýdança bolar. Mejlisde ykdysady hyzmatdaşlyk, energetika, infrastruktura hem-de ýurtlarymyzyň çäginden geçýän halkara ulag geçelgeleri ýaly wajyp meseleler boýunça pikir alyşmak üçin mümkinçiligiň boljakdygy bellenildi. Şunuň bilen baglylykda, mejlisiň netijeleriniň GDA-nyň giňişliginde söwda-ykdysady, maýa goýum hyzmatdaşlygyny giňeltmek babatda öňde goýlan wezipeleri çözmäge mynasyp goşant goşjakdygyna ynam bildirildi.
Duşuşygyň dowamynda Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň çäklerindäki hyzmatdaşlygyň Bitarap Türkmenistanyň daşary syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolup durýandygy nygtaldy.
Türkmen halkynyň Milli Lideri Türkmenistanyň dostlukly gatnaşyklary mundan beýläk-de hemmetaraplaýyn pugtalandyrmagy, anyk netijeleri gazanmaga gönükdirilen köptaraply hyzmatdaşlygy ösdürmegi maksat edinýändigini aýdyp, Arkalaşygyň çäklerindäki özara hereketleri üstünlikli utgaşdyrýandygy we GDA-nyň abraýynyň berkidilmegine uly goşant goşýandygy üçin Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň Baş sekretary Sergeý Lebedewe minnetdarlyk bildirdi.


düýn 16:07
2.2k+

Aşgabatda TurkmenTextile Expo — 2026 halkara sergi-ýarmarkasy açyldy

Şu gün Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda «TurkmenTextile Expo — 2026» atly halkara sergi-ýarmarkasy öz işine başlady. Bu sergi dokma senagatynyň gazananlaryny görkezmek, işewürlik hyzmatdaşlygyny......

düýn 12:34
3.7k+

Türkmenistanda bugdaý oragyna badalga berildi

Türkmenistanda oba hojalyk pudagy üçin möhüm tapgyry alamatlandyrýan 2026-njy ýylyň bugdaý oragy möwsümine badalga berildi. Bu barada TDH habar berýär....

02.06.2026 11:32
2.6k+

Türkmen pileçileri 2 100 tonnadan gowrak pile tabşyryp, borçnamalaryny doly berjaý etdiler

Türkmenistanyň pileçi kärendeçileri 2 100 tonnadan gowrak pile tabşyryp, bu baradaky şertnamalaýyn borçnamalaryny üstünlikli berjaý etdiler....

14.05.2026 19:01
1.9k+

Aşgabatda sanly söwdany we elektron täjirçiligi ösdürmegiň strategiýasy maslahatlaşyldy

11-nji we 12-nji maýda Aşgabatda Halkara söwda merkeziniň (HSM) sanly söwdany we elektron täjirçiligi düzgünleşdirmäge bagyşlanan iki okuw maslahaty geçirildi....