Nil derýasynyň piramidalaryň gurluşygy üçin daş getirilen gadymy goşandy tapyldy

  • 21.05.2024 12:07
  • 11k+

Alymlar Nil derýasynyň bireýýäm ýitip giden şahasyny tapdylar, Müsüriň piramidalaryna ägirt uly daş bölekleri daşalanda şondan peýdalanylan bolmagy mümkin diýip, The Guardian neşiri ýazýar.

Bu maglumatlar hemra suratlaryny we topragyň derňewini ulanmak arkaly halkara alymlar topary tarapyndan alyndy. Olaryň gözleginiň netijeleri Communications Earth & Environment žurnalynda çap edildi.
Alymlaryň Ahramat (arapça “piramidalaryň şahasy” diýmegi aňladýar) diýip atlandyran bu gadymy goşandy müňlerçe ýyllap çölüň we ekin meýdanlarynyň astynda gizlenipdi. Uzynlygy 64 km bolan bu goşant Giza piramida toplumynyň ýanyndan geçipdir.
Maglumatlaryň derňewi goşandyň häzirki Nil derýasynyň günbatarynda 2,5-10,25 km uzaklykda ýerleşendigini görkezýär.
Tapylan goşant mundan 4700-3700 ýyllar aralygy ozal Nil jülgesiniň gurak zolagynyň uzaboýuna näme üçin 31 piramidanyň hatar düzülip gurlandygyny düşündirýär.

Gadymy Müsüriň paýtagty Memfisiň golaýyndaky zolak Gizadaky Beýik piramidany, Hefren we Mikerin piramidalaryny öz içine alýar. Arheologlar ozal hem gadymy müsürlileriň ullakan daş böleklerini daşamak üçin üçin golaýdaky suw ýolundan peýdalanandyklaryna ynanýardylar. Şeýle-de bolsa, Wilmingtondaky (ABŞ) Demirgazyk Karolina uniwersitetiniň esasy gözlegçisi Eman Goneýmiň bellemegine görä, bu derýanyň ýerleşýän ýeri, şekili, ululygy ýa-da piramidalaryň hakyky ýerleşýän ýerine neneňsi golaýlygy näbelli bolup galýardy.
Täze açyş bir asyryň dowamynda derýanyň akymynyň we göwrüminiň üýtgemegine baglylykda, piramidalaryň ýerleşişiniň dürlüçe bolandygyny düşündirip biler.


düýn 22:30
811

Ultrasesli espresso: Sidneýli alymlar kofe gaýnatmagyň täze usulyny oýlap tapdylar

Awstraliýanyň Sidneý şäherindäki Täze Günorta Uels uniwersitetiniň hünärmenleri espresso taýýarlaýan täze enjam döretdiler. Bu gurluş gyzgyn suw ulanman, ýörite ultrases gurnamasy tarapyndan döredilýän ýokary......

22.06.2026 08:10
5.1k+

Barlaglar kalsiniň we D witamininiň süňkler üçin peýdalydygyny tassyklamady

Kanadaly alymlar kalsiniň, D witamininiň ýa-da ikisiniň utgaşmasynyň yzygiderli kabul edilmeginiň gartaşan adamlaryň köpüsinde süňk döwülmeleriniň we ýykylmalaryň töwekgelçiligini azaltmaga täsiriniň azdygyny......

21.06.2026 16:08
3.8k+

Kofehanadan ýangyç gaba: Günorta Koreýada kofe çökündisini ýangyja öwürmegiň usuly tapyldy

Günorta Koreýanyň Ýer ylymlary we mineral serişdeler institutynyň barlagçylary çygly we ulanylan kofe galyndysyny bary-ýogy 90 sekundyň içinde ýokary kaloriyaly bio-kömüre öwürmäge mümkinçilik berýän täze usul......

20.06.2026 10:01
4.3k+

Ylmy barlaglar sungata öwrülende: Iş başyndaky alymyň surat bäsleşiginiň ýeňijileri

Nature žurnaly her ýyl geçirilýän Scientist At Work surat bäsleşiginiň netijelerini yglan etdi we 2026-njy ýylyň iň gowy bäş suratyny görkezdi. Ähli işler alymlaryň özleri tarapyndan surata düşürilipdir....