Hindi kinosy 30 ýyldan soň ilkinji gezek Kann kinofestiwalynda esasy bäsleşige girdi

  • 20.05.2024 23:02
  • 13k+

Hindi režissýory Paýal Kapadýanyň “Ähli göz öňüne getirýän zatlarymyz ýagtylyk ýaly” (Все, что мы представляем как свет) filmi 2024-nji ýyldaky Kann kinofestiwalynda esasy bäsleşige girdi. Hindi kinosy, 1994-nji ýyldan bäri abraýly kinofestiwalynyň baş baýragyna ilkinji gezek dalaş edýär.

Täze filmde, Mumbaýdaky garrylar öýünde işleýän iki şepagat uýasy Prabha we Anunyň hekaýasy gürrüň berilýär. Olar syýahata çykýarlar we täsin tokaýly kenarýaka şäherçesine düşýärler. Şol ýerde, olaryň arzuwlary hakykata öwrülýär.
Bary-ýogy 40 günüň içinde Mumbaýda surata düşürilen bu film, Kapadýanyň doly metražly kinodaky ilkinji tejribesidir. Ondan öň Kapadýa Kanna, 2017-nji ýylda Cinefondation programmasyna gatnaşan “Günortan bulutlary” (“Послеполуденные облака”) atly gysga metražly filmini hödürledi. 2021-nji ýylda bolsa, “A Night of Knowing Nothing” dokumental lentasy “Režissýorlaryň iki hepdeliginiň” çäginde “Altyn göz” baýragyna eýe boldy.
30 ýyl mundan ozal, film görkezilişiň esasy baýragy “Altyn palma şahasy” üçin Şaja N. Karunyň hindi filminiň bäsleşendigini, belläp geçeliň. “Hususy” (“Мой собственный”) filminde, ogluny ýitiren enäniň hekaýasy gürrüň berilýär.


şu gün 08:26
957

Futboldan aktýorlyga: Dewid Bekhemiň ogly ilkinji gezek kinoda oýnar

Dewid bilen Wiktoriýa Bekhemiň ogly Romeo Bekhem «Hasap 40:0» (asyl ady — Forty Love) atly romantik filmde rol aldy diýip, «Variety» neşiri habar berýär. Bu onuň kinoda ilkinji gezek çykyş etmegi bolar....

23.06.2026 22:06
930

83-nji Wenesiýa kinofestiwalynyň eminler düzümi yglan edildi

83-nji Wenesiýa halkara kinofestiwalynyň guramaçylary esasy bäsleşigiň eminler düzümini yglan etdi....

21.06.2026 10:41
1.9k+

«Oýnawaçlaryň hekaýaty-5» premýeradan öňki kassa ýygymlary boýunça ýylyň rekordyny goýdy

«Oýnawaçlaryň hekaýaty-5» animasiýa filmi premýeradan öňki görkezilişlerde kassa ýygymlary boýunça 2026-njy ýylyň iň gowy netijesini görkezdi. Bu animasion taslama 17,5 million dollar gazandy diýip, «Variety»......

19.06.2026 20:14
4.7k+

Baş keşpde Hýu Jekman bilen «Robin Guduň ölümi» filminiň dünýä premýerasy boldy

Şu gün bütin dünýäde Hýu Jekmanyň baş keşbi ýerine ýetirmeginde «Robin Guduň ölümi» (The Death of Robin Hood) filminiň prokaty başlandy....