“Baýeriň” 21 ýaşly ýarym goragçysy Wirs Bundesligada möwsümiň iň gowy oýunçysy boldy

  • 20.05.2024 19:58
  • 4.9k+

Lewerkuzeniň “Baýeriniň” 21 ýaşly ýarym goragçysy Florian Wirs Germaniýanyň çempionatynda möwsümiň iň gowy oýunçysy diýlip ykrar edildi. Bu barada Bundesliganyň resmi saýtyna salgylanyp, “Çempionat” portaly ýazýar.

Häzirki möwsümde Wirs Bundesliganyň 32 oýnuna gatnaşyp, 11 gol geçirdi we 12 netijeli geçirim etdi.
Oýunçynyň “Baýer” bilen häzirki şertnamasy 2027-nji ýylyň tomsuna çenli niýetlenýär. Transfermarkt portalynda berlen maglumatlara görä, futbolçynyň bazar bahasy 110 mln ýewro barabar.
Belläp geçsek, “Baýer” taryhda ilkinji gezek Germaniýanyň çempionatynda ýeňiji boldy we muny ýaryşyň dowamynda ýekeje ýeňlişe-de sezewar bolman gazanmagy başardy. Habi Alonsonyň topary Germaniýanyň Kubogyna-da dalaş edýär, onuň finalynda “Kaýzerslautern” bilen oýnar. Şeýle-de, topar Ýewropa ligasynyň finalynda Italiýanyň “Atalantasy” bilen duşuşar.


düýn 13:51
8.5k+

DÇ – 2026: Dembele hettrik etdi, Kabo-Werde taryha öwrülýär, Eýran welin, Müsürden asgyn geldi...

Futbol boýunça 2026-njy ýylyň Dünýä çempionatynda G, H we I toparlarynda iň soňky – 3-nji tapgyryň oýunlary tamamlandy. Bu duşuşyklaryň netijelerine görä, toparçalardaky jemleýji orunlar we 1/16 ahyrky tapgyra......

26.06.2026 14:33
12k+

DÇ-2026:  Germaniýa Ekwadordan, ABŞ - Türkiýeden ýeňlip, öňe barýarlar

Futbol boýunça dünýä çempionaty barha we barha gyzyşýar. E, F we D toparçalarynda iň soňky, ýagny 3-nji tapgyryň oýunlary tamamlandy. Bu duşuşyklaryň netijelerine görä, toparlaryň ýaryş jetwelindäki gutarnykly......

25.06.2026 13:40
9.3k+

DÇ-2026: Winisius bombardirleriň bäsleşigine goşuldy, Marokkodan goşa kambek

Futbol boýunça dünýä çempionatynyň tüýs gyzgalaňly pursatlary dowam edýär. A, B we C toparçalarynda iň soňky, ýagny 3-nji tapgyryň oýunlary tamamlandy. Bu duşuşyklaryň netijelerine görä, toparlaryň ýaryş......

24.06.2026 22:49
8.1k+

DÇ-2026: Pleý-off tapgyrynyň öňüsyrasynda toparçalardaky ýagdaý nähili? Kim gider, kim galar?

Futbol boýunça 23-nji dünýä çempionatynyň toparçalaýyn tapgyrynyň iň jogapkärli – 3-nji tapgyry başlanýar. Köp ýygyndylar üçin bu ädim pleý-offa (1/16 finala) çykmagyň soňky mümkinçiligi. A käbirleri eýýämden......