Iýun aýynda Toyota Crown Kluger 2024 çykar. Ol ady başga täze Highlander

  • 20.05.2024 15:03
  • 17k+

1-nji iýunda açyljak Şençžen-Gonkong-Makao awtoulag sergisinde täzelenen Toyota Crown Kluger 2024 hödürlener. Krossower "Highlander-iň" ady üýtgedilen nusgasy diýseň hem bolar. Ol has uly ekranlary we kämilleşdirilen enjamlary aldy diýip, IXBT ýazýar.

Crown Kluger 2024-iň esasy wersiýasynyň media ulgamynyň ekranynyň diagonaly 8-den 10,25 dýuýma çenli ulalar we yzky aýnalarynyň awtomatiki epleniş funksiýasy peýda bolar. Şeýle hem sanly gurallar paneliniň ululygy 7-den 12,3 dýuýma çenli artar.
Has gymmat wersiýalarynda nappa-deri oturgyçlary we iki sany 12,3 dýuýmlyk ekran peýda bolar. Ýokarky wersiýasynda bazada roly elektrikli sazlaýyş we sürüjiniň oturgyjynyň ýagdaýlarynyň ýady bolar.
Täze önüm 20 dýuýmlyk teker diskleri bilen enjamlaşdyrylar. Toyota Safety Sense (TSS) sürüjilere kömek ulgamlarynyň firma toplumy täzelener: TSS 2.5-iň ýerine TSS 3.0 giriziler.
Elektrik gurluşlary öňküligine galar. Esasy wersiýalary henizem bir tekeri hereketli, ähli tigirleri hereketlisi ýokarky wersiýalarda elýeterli bolar.


24.06.2026 14:05
5k+

Toyota we Nissan ABŞ-da ýygnalan ulaglarynyň aýratynlyklary barada duýdurdy

Toyota we Nissan ýaponiýaly alyjylary ABŞ-da öndürilen ulaglarynda bolup biljek aýratynlyklar barada habardar etdi. Gürrüň, ABŞ-dan Ýaponiýa import edilýän «Toyota Tundra», «Toyota Highlander» we «Nissan......

24.06.2026 08:16
3.2k+

Toyota ekranlardaky näsazlyk sebäpli Hytaýda 9 müňden gowrak Land Cruiser Prado ulagyny yzyna çagyrýar

«FAW-Toyota» bilelikdäki kärhanasy Hytaýda ýerli önümçilikdäki «Land Cruiser 250 (Prado)» wnedorožnikleri üçin yzyna çagyryş kampaniýasynyň başlanandygyny yglan etdi. Hytaýa import edilýän meňzeş platformaly......

21.06.2026 21:15
5k+

Toyota rekord derejedäki satuwlara garamazdan, model sanyny azaltmak isleýär

Toyota kompaniýasy rekord derejedäki satuw görkezijilerine garamazdan, awtoulaglaryň model we görnüş sanyny azaltmagy, ünsüni bolsa iň köp isleg bildirilýän hem-de düşewüntli ugurlara gönükdirmegi......

16.06.2026 09:57
6.1k+

Toyota Ýewropada Hilux modeliniň täze neslini tanyşdyrdy

Toyota kompaniýasy Ýewropada Hilux pikapynyň dokuzynjy neslini görkezdi. Bu model öňki rama gurluşyny we ýolsuz ýerlerde hereket etmek mmükinçiliklerini saklap galdy, ýöne doly täzelenen dizaýna, sanly......