Werstappen 0,7 sekuntlyk aratapawut bilen Italiýada Formula-1 Gran-Pri-sini gazanmagy başardy

  • 20.05.2024 13:19
  • 3.4k+

Red Bull-yň niderlandly sürüjisi Maks Werstappen Imolada (Emiliýa-Romanýa, Italiýa) “Formula 1” tapgyrynda ýeňiji boldy. Pellehana ikinji bolup gelen Lando Norris (McLaren) ondan 0,7 sekunt yza galdy.

Ilkinji üçlügi Şarl Lekler (Ferrari) ýapdy.
Werstappen bu möwsümdäki ýedi ýaryşyň bäşisinde ýeňiş gazandy.
Imoladaky ilkinji onluga şeýle hem: 4. Oskar Piastri (McLaren); 5. Karlos Saýns (Ferrari); 6. Lýuis Hemilton (Mersedes); 7. Jorj Rassel (Mercedes); 8. Serhio Peres (Red Bull); 9. Lens Stroll (Aston Martin); 10. Ýuki Tsunoda (RB) girdi.
“Formula 1”-iň indiki tapgyry 26-njy maýda Monakodaky şäher aýlawynda geçer.


27.05.2026 18:20
7.2k+

Italiýanyň çempionatynda tälimçi duranok: «Milan» Allegrini işden boşatdy, Konte «Napoliden» gitdi

Italiýanyň A Seriýasynda 2025/26 möwsüm diňe bir «Interiň» ýeňşi we «Komo» klubunyň taryhy üstünligi bilen däl, eýsem top-klublaryň arasyndaky nobatdaky giň gerimli özgertmeler bilen hem jemlendi....

25.05.2026 23:07
9.2k+

Çempionlar ligasynyň 2026/27-nji ýyllar möwsüminiň umumy tapgyryna gatnaşjak 29 topar mälim boldy

Ýewropanyň iň uly futbol ýaryşy bolan UEFA Çempionlar ligasynyň täze möwsüminiň umumy tapgyryna gatnaşmaga hukuk gazanan 29 topar belli boldy....

23.05.2026 16:21
11k+

On adam üçin 1,4 milliard dollar: Forbes sport dünýäsiniň henizem weteranlar tarapyndan dolandyrylýandygyny görkezdi

Forbes žurnalynyň şu ýylky iň köp hak tölenýän türgenler boýunça reýtingi sportuň rowaýaty türgenleriniň 40 ýaşdan soň hem ýaş super ýyldyzlardan köp pul gazanýandygyny görkezdi....

14.05.2026 19:30
3.6k+

«Inter» finalda «Lasio» toparyny utup, onunjy gezek Italiýanyň Kubogynyň eýesi boldy

Milanyň «Inter» kluby 2025/2026 möwsüminiň Italiýanyň Kubogy ýaryşynyň final duşuşygynda Rimiň «Lasio» toparyny 2:0 hasabynda utdy. «Neradzurri» bu kubogy öz taryhynda onunjy gezek gazandy....