Bizden 55 ýagtylyk ýyly uzaklykda Ýeriň ölçegindäki bir planeta tapyldy: onda bir ýyl 17 sagat dowam edýär

  • 20.05.2024 12:09
  • 15k+

Astronomlar Ýeriň ululygyndaky täze ekzoplanetany tapdylar. SPECULOOS-3 b diýlip atlandyrylan bu obýekt bizden bary-ýogy 55 ýagtylyk ýyly uzaklykda ýerleşýär we aşa sowuk gyzyl kindiwanja ýyldyzyň daşyndan aýlanýar diýip, Nature Astronomy žurnaly ýazýar.

SPECULOOS-3 b-de bir ýyl, takmynan, 17 sagat dowam edýär we dartyş güýçleriniň hereketsizligi sebäpli planetanyň bir tarapy hemişe ýyldyzyna tarap bakýar, beýleki tarapynda bolsa baky gije dowam edýär.
Onuň daşyndan aýlanýan ýyldyzynyň Günden, takmynan, iki esse salkyndygy we ýüz esse ýeňil hem-de tutuksydygy bellendi.
Planeta aşa sowuk kindiwanja ýyldyzlarynyň daşyndan aýlanýan ekzoplanetleri gözlemek üçin döredilen SPECULOOS (Search for Planets EClipsing ULtra-cOOl Stars) taslamasynyň çäklerinde tapyldy. Taslama Belgiýanyň Lýež uniwersiteti Birmingem, Kembrij, Bern we Massaçusets tehnologiýalar instituty bilen bilelikde ýolbaşçylyk edýär.
Aşa sowuk kindiwanja ýyldyzlar diýseň kän ýaýran, olar Akmaýanyň ýolundaky ýyldyzlaryň takmynan 70%-ini emele getirýär, ýöne ýagtylygynyň öçügsiligi olary tapmagy kynlaşdyrýar.


şu gün 00:18
518

«Roskosmos» 2036-njy ýyla çenli Aýda atom elektrik stansiýasyny gurmagy meýilleşdirýär

«Roskosmos» 2036-njy ýyla çenli Aýda atom elektrik stansiýasyny (AES) döretmegi meýilleşdirýär. Bu wezipe Russiýa Federasiýasynyň Prezidentiniň kosmos işi ulgamyndaky döwlet syýasatynyň esaslary baradaky......

düýn 20:31
2.5k+

Rekord derejeli magnit tupany Ýeriň öz goragyny nädip gowşadýandygyna düşünmäge kömek etdi

2024-nji ýylyň maýynda planeta inen we soňky ýigrimi ýylda iň güýçlüsi bolan magnit tupany ýaponiýaly fiziklere möhüm açyş etmäge kömek etdi. Alymlar geomagnit tolgunmalary wagtynda Ýeriň tebigy magnit......

27.06.2026 10:53
2k+

Pagta süýjüsinden hem ýeňil: NASA aşa ýeňil bolan iki ekzoplanetany açdy

NASA-nyň TESS kosmos obserwatoriýasy ýerdäki teleskoplar bilen bilelikde dykyzlygy adatdan daşary pes bolan iki sany ekzoplanetany ýüze çykardy. Olar bir ulgamda ýerleşip, özara orbital täsirler arkaly......

27.06.2026 09:54
5k+

Alymlar: ýaşlar häzirki wagtda öňkä garanyňda has çalt garraýar

Nature Medicine žurnalynda çap edilen täze gözleg häzirki ýaş nesliň özlerinden öňki nesillere garanyňda, şol bir ýaşda has ýokary biologiki ýaşda bolup biljekdigini görkezdi....