ABŞ-dan başlangyç kompaniýa kosmosa äpet aýna ugradar. Ol näme üçin gerek?

  • 04.08.2025 18:17
  • 7.2k+

Amerikanyň Reflect Orbital başlangyjy kosmosa äpet aýnany ibermegi meýilleşdirýär. Ol Gün şöhlesini tutup, ony Ýere gönükdirer diýip, Kaliforniýada ýerleşýän kompaniýa habar berýär.

Taslama gijesine gury ýeriň we deňziň käbir böleklerini ýagtylandyrmaga kömek eder diýlip garaşylýar. Bu elektrik energiýasynyň öndürilişiniň netijeliligini ýokarlandyrmaga mümkinçilik berer.
Kompaniýa Gün energiýasynyň tükeniksiz çeşmedigini, ýöne Gün panelleriniň netijeliliginiň gije peselýändigini belleýär. Reflect Orbital-yň wekilleriniň sözlerine görä, aýnany orbita çykarmak bu çäkliligiň öwezini dolar.
Taslamany durmuşa geçirmek üçin ulanylýan material bolan maýlar ýüzi çydamly we gowy izolýasiýa häsiýetli poliefir örtükdir. Aýna Ýerdäki zerur zolaklara Gün şöhlesini serpikdirer.
Maksatnamanyň çäginde kompaniýa orbita 57 aýna obýektini çykarmagy meýilleşdirýär. Olar deňiz derejesinden, takmynan, 600 kilometr belentlikde ýerleşdiriler we hemra serpikdirijileri hökmünde çykyş ederler. Ozal Reflect Orbital 2,4 m² ölçegindäki aýnanyň prototipini aerostatyň kömegi bilen howa galdyryp, üstünlikli synagdan geçiripdi.


17.06.2026 10:34
2.1k+

Şwesiýa 40 ýyldan soň atom reaktorlarynyň gurluşygyna dolanýar. Rolls-Royce üpjün ediji bolar

Şwesiýanyň Vattenfall energetika kompaniýasy ýurduň täze atom maksatnamasynyň çäklerinde üç sany kiçi modully ýadro reaktoryny üpjün ediji hökmünde Beýik Britaniýanyň Rolls-Royce SMR kompaniýasyny saýlady....

13.06.2026 11:09
2k+

Alymlar Gün şöhlesinden we suwdan suwuk ýangyç almak üçin «emeli ýaprak» oýlap tapdylar

Ýel uniwersitetiniň ýolbaşçylygyndaky barlagçylar topary Gün energiýasyny ulanyp, suwy we uglerod iki oksidini metanola öwürmäge ukyply enjam döretdiler. Ulgam «emeli ýaprak» ýörelgesi boýunça işleýär we......

11.06.2026 08:39
1.1k+

SpaceX ýene bir rekord goýdy: Falcon 9-yň birinji basgançagy 35-nji uçuşyny tamamlady

SpaceX kompaniýasy raketalary gaýtadan ulanmak boýunça öz rekordyny ýene-de täzeledi. Raketa göteriji Falcon 9-yň birinji basgançagy kosmosa uçdy we eýýäm 35-nji gezek yzyna gaýdyp geldi....

10.06.2026 10:51
1.2k+

Prada we Axiom Space Aýda geýiljek skafandryň içki gatlagyny görkezdi

"Prada" we "Axiom Space" kompaniýalary LCVG (suwuklyk bilen sowadýan we wentilýasiýa edýän eşik) atly içki sowadyjy we wentilýasiýa eşigini tanyşdyrdylar. Ol astronomlaryň Aýyň üstünde işleýän wagty beden......