81 ýaşly Pol Makkartni ilkinji britaniýaly sazanda-milliarder boldy

  • 18.05.2024 17:03
  • 5.9k+

Meşhur sazanda, “The Beatles” toparyny esaslandyryjylaryň biri Pol Makkartni baýlygy 1 mlrd funt sterlingden geçen ilkinji britaniýaly sazanda boldy.

“The Times” neşiriniň habar berşi ýaly, geçen ýyl Poluň we onuň aýaly Nensiniň baýlygy 50 mln funt artyp, 1 mlrd funt sterlinge (takmynan, 1,27 mlrd dollar) ýetdi.
Sazandanyň üstünligine diňe bir yzygiderli gastrollar däl, eýsem “The Beatles-iň” “Blackbird” kompozisiýasynyň amerikaly aýdymçy Beýonseniň täze albomyna goşulmagy ýardam etdi.
Mundan başga-da, “The Beatles-iň” soňky aýdymy hökmünde hödürlenen “Now and Then” aýdymy geçen ýyl Beýik Britaniýanyň, Germaniýanyň, Awstriýanyň we ABŞ-nyň çartlarynda birinji orny eýeledi.
Neşiriň maglumatlaryna görä, 2024-nji ýylyň iýun aýynda Makkartniniň “The Beatles” dargandan soň 1974-nji ýylda dokumental taslama üçin ýazylan “One Hand Clapping” studiýa albomynyň çykmagyna garaşylýar. 


düýn 23:19
1.9k+

Beýik Britaniýa 16 ýaşdan kiçi çagalara sosial torlary ulanmagy gadagan eder

Beýik Britaniýanyň hökümeti 16 ýaşyna ýetmedik çagalaryň sosial torlardan peýdalanmagyny gadagan etmäge taýýarlyk görýär. Täze düzgünleriň 2027-nji ýylyň başynda güýje girmegine garaşylýar diýip, «BBC» habar......

16.05.2026 22:44
6.3k+

Dewid Bekhem ilkinji britaniýaly milliarder türgen boldy

Angliýanyň milli ýygyndysynyň öňki kapitany Dewid Bekhem Beýik Britaniýadan bolan ilkinji milliarder türgen diýlip ykrar edildi. Bu barada «The Times» neşiri ýazýar....

11.05.2026 15:25
1.6k+

«Ýetginjeklik döwri» mini-serialy BAFTA TV 2026 baýragynyň 4-üsini aldy

Londonda «Emmi» baýragynyň Britaniýadaky meňzeşi bolan BAFTA TV Awards baýragynyň gowşurylyş dabarasy geçirildi. Agşamyň esasy baýrak eýesi «Ýetginjeklik döwri» mini-serialy boldy – bu serial birbada dört sany......

10.05.2026 20:34
6.7k+

Beýik Britaniýada aldap gurçuk çykarmak boýunça festiwal geçirildi

Angliýanyň günogartyndaky Blekaton obasynda her ýyl geçirilýän Halkara «gurçuk çagyryjylaryň» festiwaly boldy. Gatnaşyjylar çäkli wagtyň içinde ýeri gazmazdan, iň köp mukdardaky gurçugy ýeriň üstüne çykarmak......