OpenAI-iň egindeş esaslandyryjysy we baş ylmy işgäri Suskewer kompaniýadan gidýär

  • 17.05.2024 13:34
  • 3.8k+

OpenAI-iň egindeş esaslandyryjysy we baş ylmy işgäri Suskewer kompaniýadan gidýändigini mälim etdi. Bu barada TASS habar berýär.

“Men tas on ýyldan soň OpenAI-den gitmek kararyna geldim. Meniň üçin siz bilen bilelikde işlemek uly hormat boldy” – diýip, ol X sosial ulgamyndaky sahypasynda ýazdy.

Suskewer gitmeginiň sebäbini görkezmedi, ýöne ýakynda üstünde işleýän täze taslamasy barada maglumatlar bilen paýlaşjakdygyny belledi.
OpenAI-iň baş müdiri Sem Altman, öz gezeginde, Suskeweri öz nesilleriniň “iň beýik aňlarynyň biri” diýip atlandyrdy. Kompaniýada Suskeweriň ornuny ylmy gözlegler boýunça müdir Ýakub Paçoski eýelär.
OpenAI “emeli aňyň howpsuz we bähbitli ösüşini üpjün etmek” maksady bilen 2015-nji ýylda esaslandyrylan täjirçilik däl gözleg barlaghanasydyr. Ol söhbetdeşlik režiminde işlemäge ukyply bolan emeli aňly çat-bot ChatGPT-ni döretdi. Ulgam soraglara jogap bermäge, dürli dillerde tekst döretmäge we kod ýazmaga ukyplydyr.
Öň, biz täze we has ösen dil modeli GPT4o barada habar beripdik.


düýn 11:11
1.2k+

Özbegistanda baýragy 100 müň dollara çenli bolan EA startaplarynyň bäsleşigi döredildi

Özbegistanyň Ministrler Kabineti «Emeli aň ulgamynda iň gowy startap» adyny almak ugrundaky her ýylky «President AI Award» bäsleşigini geçirmegiň resminamasyny tassyklady....

16.06.2026 12:35
5.9k+

Hindistanda öý hojalykçy aýallar we işçiler emeli aň üçin wideo düşürip gazanç edýärler

Hindistanda emeli aň robotlaryny gündelik işleriň ýerine ýetirilişini wideo ýazgy etmek arkaly okatmaga kömek edýän işçilere bolan isleg artýar. Şeýle iş üçin maksatnamanyň gatnaşyjylary sagadyna 3 dollardan......

11.06.2026 23:59
7.1k+

Howlukmaçlyk edilipdir: kompaniýalar emeli aň sebäpli boşadan işgärlerini yzyna çagyrýarlar

Işewürlik dünýäsi «EA-bumerang» diýlip atlandyrylýan garaşylmadyk täze bir ýagdaý bilen ýüzbe-ýüz boldy. Emeli aňy ornaşdyrmak we işi awtomatlaşdyrmak üçin işgärlerini köpçülikleýin işden çykaran kompaniýalar......

03.06.2026 15:15
3.6k+

Türkmenistanyň Gümrük gullugy «Bir penjire» ulgamyna emeli aňy girizdi

Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugy «Eksport-import amallary üçin bir penjire» web-portalyna (tradebridge.gov.tm) emeli aň tehnologiýasyny goşdy. Bu täze tehnologik mümkinçilik 2026-njy ýylyň 1-nji iýunyndan......