OpenAI ses, tekst we görüş bilen işläp bilýän GPT-4o hödürledi

  • 15.05.2024 07:07
  • 2.8k+

OpenAI kompaniýasy GPT-4o generatiw emeli intellektli dil modeliniň täze wersiýasyny hödürledi. Modeliň täze we has ösen görnüşi söz tekst we wideo bilen işlemäge ukyplydyr. Muny onuň adyndaky "o", ýagny "omni" (latynça "giňişleýin") gysgaltmasyny aňladýan, harp görkezýär diýip, TechCrunch kompaniýanyň web sahypasyna salgylanyp, habar berýär.

GPT-4o, ses isleglerine ortaça 320 millisekuntda jogap berýär, bu adamyň gürrüňde jogap bermek wagty bilen deňeşdirilýär.

“GPT-4o ses, tekst we görüş bilen işläp bilýär. Bu diýseň möhüm, sebäbi biz, biziň we maşynlaryň arasyndaky özara gatnaşyklaryň geljegine seredýäris "-diýip OpenAi-ň tehniki direktory Mira Murati 13-nji maýda, San Fransiskoda OpenAI-ň ofisinde eden çykyşynda beýan etdi.

Işleýiş nukdaýnazaryndan täze model GPT-4 Turbo bilen gabat gelýär, ýöne şol bir wagtyň özünde “şekile we sese düşünmekde aýratyn ökdedir” diýlip, OpenAI-da nygtalýar.
GPT-4o 50 dilde erkin gürleýär we 13-nji maýdan başlap ulanyjylar üçin elýeterli bolar. Häzirlikçe modeliň ses funksiýalary diňe “ynamdar hyzmatdaşlaryň kiçiräk topary” üçin elýeterli bolar, ýöne tölegli abonentler olary, eýýäm iýun aýynda ulanyp bilerler.


15.06.2026 15:53
1.1k+

Britaniýalylar EA derman serişdelerini döretmäge kömek etjek trillion genli «kartany» taýýarlaýarlar

Britaniýanyň Basecamp Research kompaniýasy «Trillion Gene Atlas» atly täze taslama badalga berlendigini mälim etdi. Bu taslama mundan ozal hiç hili öwrenilmän galan 100 milliondan gowrak dürli görnüşli......

15.06.2026 08:07
1.4k+

Visa öz töleg ulgamyny ChatGPT-ä çatdy

Visa öz töleg ulgamyny ChatGPT bilen utgaşdyrdy. Bu bolsa çat-bota ulanyjylaryň adyndan özbaşdak haryt saýlamaga we söwda amallaryny resmileşdirmäge mümkinçilik berer....

13.06.2026 12:23
8.2k+

Messi ChatGPT-niň mahabatynda düşdi

OpenAI kompaniýasy Argentinanyň milli ýygyndysynyň hüjümçisi Lionel Messiniň gatnaşmagynda ChatGPT-niň mahabat wideosyny hödürledi....

12.06.2026 23:56
2.5k+

Emeli aň Abu-Dabide ilkinji gezek dyz bogunlaryny bölekleýin çalşyrmak operasiýasyny geçirdi

Abu-Dabide robot tehnologiýalaryny we emeli aňyň üsti bilen dyz bogunlaryny bölekleýin çalşyrmak boýunça ilkinji operasiýa ýerine ýetirildi. Emirates News Agency (WAM) agentliginiň habar bermegine görä, bu......