Gurbanguly Berdimuhamedow Tatarystanyň Baştutany Rustam Minnihanow bilen duşuşdy

  • 16.05.2024 07:30
  • 10k+

15-nji maýda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasyna iş saparynyň çäklerinde Kazan Kremlinde Tatarystanyň Baştutany Rustam Minnihanow bilen duşuşdy. Oňa iki tarapyň wekiliýet agzalary hem gatnaşdylar.

Tatarystanyň Baştutany Gurbanguly Berdimuhamedowa “Russiýa — Yslam dünýäsi: KazanForum — 2024” halkara ykdysady forumyna hem-de jebisleşdiriji halkara jemgyýetçilik meýdançasy bolup çykyş edýän “Russiýa — Yslam dünýäsi” strategik garaýyş toparynyň mejlisine gatnaşmak üçin Kazana gelip görmäge çakylygy kabul edendigi üçin hoşallyk bildirdi.
“Russiýa — Yslam dünýäsi: KazanForum — 2024” halkara ykdysady forumyna we “Russiýa — Yslam dünýäsi” strategik garaýyş toparynyň her ýyl geçirilýän mejlisine gatnaşmaga çakylygy üçin minnetdarlygyny beýan edip, türkmen halkynyň Milli Lideri ähli meýilleşdirilen çäreleriň üstünlikli geçirilmegini arzuw etdi.


Kazanda Russiýa Federasiýasynyň yslam dünýäsiniň döwletleri bilen ykdysady hyzmatdaşlygynyň işjeňleşdirilmegine gönükdirilen şeýle uly ähmiýetli forumyň geçirilmegi Tatarystanyň uly abraýynyň hem-de oňa ýokary halkara gyzyklanmanyň nyşany bolup durýar. Gurbanguly Berdimuhamedow şular barada aýtmak bilen, türkmen wekiliýetiniň şu gezekki saparynyň hem-de dürli meýdançalarda geçiriljek duşuşyklaryň biziň ýurdumyzyň Russiýa Federasiýasy bilen oňyn hyzmatdaşlygynyň möhüm bölegi bolup durýan ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň giňeldilmegine uly goşant boljakdygyna ynam bildirdi.

Pursatdan peýdalanyp, türkmen halkynyň Milli Lideri Türkmenistanyň Russiýa Federasiýasy bilen strategik hyzmatdaşlygyň çäklerinde Tatarystan bilen köpugurly gatnaşyklary hemmetaraplaýyn pugtalandyrmagy we giňeltmegi ugur edinýändigini tassyklady.
Gurbanguly Berdimuhamedowyň Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasyna iş sapary dowam edýär.


düýn 11:28
545

Wenada Türkmenistanyň gatnaşmagynda CTBTO-nyň Taýýarlyk komissiýasynyň mejlisi geçýär

Türkmenistanyň wekiliýeti 15—17-nji iýun aralygynda Wena şäherinde geçirilýän Ýadro synaglaryny ählumumy gadagan etmek barada şertnama guramasynyň (CTBTO) Taýýarlyk komissiýasynyň 66-njy mejlisine gatnaşýar.......

16.06.2026 19:44
2k+

Raşid Meredow Gazagystan Respublikasynyň Türkmenistandaky ilçisi bilen duşuşdy

16-njy iýunda daşary işler ministri Raşid Meredow Gazagystan Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Nurlan Nogaýew bilen duşuşdy. Bu barada DIM-iň metbugat gullugy habar......

15.06.2026 18:57
1.7k+

TDHÇMB-niň söwdalarynda geleşikleriň bahasy $19 milliondan gowrak boldy

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 54-üsi hasaba alyndy. Bu barada TDH habar berýär....

13.06.2026 16:30
1k+

Bilelikdäki türkmen-awstriýa toparynyň nobatdaky mejlisi geçirildi

12-nji iýunda Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda Bilelikdäki türkmen-awstriýa toparynyň 13-nji mejlisi geçirildi. Oňa ýurduň döwlet düzümleriniň, işewür toparlarynyň wekilleri hem-de Awstriýa......