Energetika ministrligi, «Türkmengaz» we GIZ "ýaşyl" ösüş ugrunda Ähtnama gol çekdiler

  • 16.05.2024 07:04
  • 8.2k+

14-nji maýda Türkmenistan bilen Ýewropa Bileleşiginiň arasyndaky hyzmatdaşlygyň 30 ýyllygyna bagyşlanyp geçirilen maslahatyň çäklerinde Türkmenistanyň Energetika ministrliginiň, “Türkmengaz” döwlet konserniniň we Germaniýanyň Halkara hyzmatdaşlyk boýunça jemgyýetiniň (GIZ) arasynda özara düşünişmek hakynda Ähtnama gol çekişlik dabarasy geçirildi.

Forum Ýewropa Bileleşiginiň Türkmenistandaky wekiliýeti we ýurduň Daşary işler ministrligi tarapyndan gurnaldy. Ara alyp maslahatlaşmalaryň dowamynda wise-premýer, daşary işler ministri Raşid Meredow we Ýewropa Bileleşiginiň Merkezi Aziýa boýunça ýörite wekili Teri Hakala özara gatnaşyklaryň netijeleri we geljegi barada çykyş etdiler.
Ähtnama gol çekişmek dabarasynda Türkmenistan Hyzmatdaşlyk Gaznasynyň we “Türkmenistan: söwdanyň durnuklylygyny we integrasiýasyny ýokarlandyrmak” hem-de ÝB-niň Türkmenistanyň “ýaşyl” ösüşine goldawy bolan “Syýasy dialog we 2024 — 2027-nji ýyllarda howanyň üýtgemegine garşy hereketler” atly GIZ tarapyndan durmuşa geçirilýän taslamalar bilen tanyşdyryldy.
Maslahata Türkmenistanda ygtyýarlandyrylan diplomatik wekilhanalaryň ýolbaşçylary, Mejlisiň deputatlary, ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralaryň wekilleri, halkara bilermenleri, sebit taslamalarynyň ýolbaşçylary we ş.m. gatnaşdylar.


düýn 16:07
2.2k+

Aşgabatda TurkmenTextile Expo — 2026 halkara sergi-ýarmarkasy açyldy

Şu gün Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda «TurkmenTextile Expo — 2026» atly halkara sergi-ýarmarkasy öz işine başlady. Bu sergi dokma senagatynyň gazananlaryny görkezmek, işewürlik hyzmatdaşlygyny......

düýn 12:34
3.7k+

Türkmenistanda bugdaý oragyna badalga berildi

Türkmenistanda oba hojalyk pudagy üçin möhüm tapgyry alamatlandyrýan 2026-njy ýylyň bugdaý oragy möwsümine badalga berildi. Bu barada TDH habar berýär....

02.06.2026 21:16
5.5k+

2050-nji ýyla çenli Ýewropada iň wajyp çig mallara bolan islegiň tas ýarysy galyndylaryň hasabyna üpjün ediler

2050-nji ýyla çenli galyndylar Ýewropa üçin iň esasy möhüm materiallaryň çeşmeleriniň birine öwrülip, sebitiň bu hili çig mala bolan isleginiň 56%-e çenlisini üpjün edip biler. Ýewropa Bileleşigi (ÝB)......

02.06.2026 11:32
2.6k+

Türkmen pileçileri 2 100 tonnadan gowrak pile tabşyryp, borçnamalaryny doly berjaý etdiler

Türkmenistanyň pileçi kärendeçileri 2 100 tonnadan gowrak pile tabşyryp, bu baradaky şertnamalaýyn borçnamalaryny üstünlikli berjaý etdiler....