Gaýanyň ýüzündäki suratlar bir mahallar Saharada mal bakylandygyny görkezdi

  • 13.05.2024 13:38
  • 13k+

Saharanyň iň gurak sebitleriniň birinde mallaryň suraty çekilen seýrek gaýa şekilleri tapyldy. Täze açyş sebitiň bir mahallar dürli haýwanlaryň ýaşan otluk, batgalyk we güzerli ýeri bolandygyny görkezýär diýip New Atlas habar berýär.

Sudanyň Gündogar çölünde Müsür bilen serhetýakada gözleg geçiren arheologlar 4000 ýyllyk ýaşy bolan, gaýa çekilen suratly 16 sany täze ýeri tapdylar. Olary iň geň galdyran zat suratlaryň köpüsinde iri şahly mallara meňzeýän haýwanlaryň şekillendirmegidir.
Bu haýwanlar häzirki suwsuz we öri meýdansyz Saharada asla ýaşap bilmezdiler. Şeýle-de bolsa, uly ýelinli sygyrlarynyň şekilleri, şeýle hem käbir suratlardaky sagym sagylýan pursatlar sebitde bir wagtlar maldarlaryň ýaşaýandygyny görkezýär.

Suratlardan çen tutsaň, Sahara bir wagtlar howdanlary, derýalary, batgalyklary we güzerleri bolan sawanna bolupdyr. Bu, takmynan, mundan 15 müň ýyl ozal başlanan tomus musson ýagyşlarynyň güýçlenmegi bilen häsiýetlendirilen “çygly Afrika döwri” diýlip atlandyrylýan döwürde mümkin bolupdyr.
B.e. öňki, takmynan, 3000-nji ýyllarda howa üýtgäp, köller we derýalar gurap başlapdyr we sebit çäge bilen örtülipdir. Sebitiň aglaba ilaty Nil derýasyna golaý süýşmäge mejbur bolupdyr, galan ilat bolsa mal bakmakdan goýun we geçi bakmaklyga geçipdirler.
Öň, alymlaryň Çilidäki adamsyz diýen ýaly Atakama çölüniň astynda hakyky ýerasty dünýäni açandyklaryny  gürrüň beripdik.


düýn 08:10
4.7k+

Barlaglar kalsiniň we D witamininiň süňkler üçin peýdalydygyny tassyklamady

Kanadaly alymlar kalsiniň, D witamininiň ýa-da ikisiniň utgaşmasynyň yzygiderli kabul edilmeginiň gartaşan adamlaryň köpüsinde süňk döwülmeleriniň we ýykylmalaryň töwekgelçiligini azaltmaga täsiriniň azdygyny......

21.06.2026 16:08
3.7k+

Kofehanadan ýangyç gaba: Günorta Koreýada kofe çökündisini ýangyja öwürmegiň usuly tapyldy

Günorta Koreýanyň Ýer ylymlary we mineral serişdeler institutynyň barlagçylary çygly we ulanylan kofe galyndysyny bary-ýogy 90 sekundyň içinde ýokary kaloriyaly bio-kömüre öwürmäge mümkinçilik berýän täze usul......

20.06.2026 10:01
4.3k+

Ylmy barlaglar sungata öwrülende: Iş başyndaky alymyň surat bäsleşiginiň ýeňijileri

Nature žurnaly her ýyl geçirilýän Scientist At Work surat bäsleşiginiň netijelerini yglan etdi we 2026-njy ýylyň iň gowy bäş suratyny görkezdi. Ähli işler alymlaryň özleri tarapyndan surata düşürilipdir....

19.06.2026 19:32
3.2k+

Goşmaça ýarym milliard ýyl peýda boldy: alymlar Ýerdäki ösümlikleriň gyryljak möhletini yza süýşürdi

Hünärmenler örän uzak geljekde Ýerdäki global prosesleri suratlandyrýan üç ölçegli klimat modelini gurup, gury ýerdäki ösümlikleriň ýene-de 1,35-den 1,87 milliard ýyla çenli ýaşap biljekdigini anyklady. Bu......