Alymlar superkondensatorlary döretmegiň täze usulyny oýlap tapdylar

  • 13.05.2024 11:10
  • 8.6k+

Energiýa saklaýjy enjamlary döretmek üçin uglerodyň alternatiw çeşmelerini gözlemek bilen, alymlar towuk ýagyny superkondensatorlar üçin uglerod elektrodlaryna öwürmegiň usulyny oýlap tapdylar diýip, Tech Xplore habar berýär.

Täzeçil çemeleşme ýönekeý we tygşytly hasaplanýar, şeýle hem azyk galyndylaryny çig mal hökmünde ulanmaga mümkinçilik berýär.
Alternatiw uglerod çeşmesini öndürmek üçin Mohan Reddy Pallawolu, Je Hak Ýung, Sang U Ju we olaryň kärdeşleri towuk ýagyny eretmek üçin gaz gorelkasyny ulandylar, soň bolsa ýagçyrada ulanylyşy ýaly, pelte usulyny ulanyp erän ýagy ýakdylar. Şondan soň alawyň ýokarsynda asylyp goýlan çüýşäniň düýbündäki gurumy ýygnadylar. Derňew onuň düzüminde uglerod esasly nanogurluşyň bardygyny görkezdi. Olar soganyň gatlaklaryny ýada salýan konsentrik grafit halkalarynyň birmeňzeş şar şekilli gözenekleridi.
Uglerod nanobölejikleriniň elektrik aýratynlyklaryny gowulandyrmak üçin alymlar olary tiomoçewina (CS(NH2)2) erginine çümdürdiler.
Towuk ýagyndan alnan uglerod nanobölejikleri ýokary sygymy, çydamlylygy, energiýa dykyzlygyny we güýç dykyzlygyny görkezdi.
Hünärmenler täze superkodensatoryň wezipeleri hakyky wagtda ýerine ýetirip biljekdigini subut etdiler. Netijeler ekologiýa taýdan has arassa energiýa gözlemekde towuk ýagy ýaly, uglerod çeşmesi hökmünde iýmit galyndylaryny ulanmagyň potensial artykmaçlyklaryny görkezýär.
Gözleg ACS Applied Materials & Interfaces žurnalynda çap edildi.


düýn 10:53
1.8k+

Pagta süýjüsinden hem ýeňil: NASA aşa ýeňil bolan iki ekzoplanetany açdy

NASA-nyň TESS kosmos obserwatoriýasy ýerdäki teleskoplar bilen bilelikde dykyzlygy adatdan daşary pes bolan iki sany ekzoplanetany ýüze çykardy. Olar bir ulgamda ýerleşip, özara orbital täsirler arkaly......

düýn 09:54
4.4k+

Alymlar: ýaşlar häzirki wagtda öňkä garanyňda has çalt garraýar

Nature Medicine žurnalynda çap edilen täze gözleg häzirki ýaş nesliň özlerinden öňki nesillere garanyňda, şol bir ýaşda has ýokary biologiki ýaşda bolup biljekdigini görkezdi....

26.06.2026 23:37
4.4k+

Alymlar Ýerdäki iň gadymy krateriň ýaşyny takyklady

Kertin uniwersitetiniň we Günbatar Awstraliýanyň Geologik gullugynyň alymlary Ýerde mälim bolan iň gadymy krateriň ýaşynyň, takmynan, 3 milliard ýyla deňdigi baradaky netijä geldi. Bu ylmy işiň netijeleri......

26.06.2026 15:40
2k+

Jeýms Webb «GJ504b» ekzoplanetasynyň üýtgeşik gülgüne reňkiniň sebäbini düşündirdi

«Jeýms Webb» kosmos teleskopy Ýerden, takmynan, 57 ýagtylyk ýyly uzaklygynda ýerleşýän «GJ504b» ekzoplanetasynyň geň galdyryjy gülgüne reňke eýe bolmagynyň sebäbini anyklamaga kömek etdi....