Amerikaly alymlar rak keseliniň metastazlaryny ýok edýän nanobölejikleri döretdiler

  • 11.05.2024 11:54
  • 9.9k+

Amerikaly biohimikler gan aýlanyş ulgamy bilen beýniniň arasyndaky böwede girip, nerw ulgamynyň içinde we daşynda göwsüň rak keseliniň metastazlaryny ýok edip bilýän nanobölejikleri döretdiler. Bu barada Maýami döwlet uniwersitetiniň lukmançylyk mekdebiniň metbugat gullugyna salgylanýan TASS ýazýar.

Alymlar nanobölejikleriň göwsi rak keselli meýletinçilerdäki beýni metastazlaryny nyşana almakda täsirli bolup biljekdigine ynanýarlar.
Maýami uniwersitetiniň dosenti Şanta Dharyň ýolbaşçylygyndaky topar tarapyndan döredilen bu nanobölejikler rak keseline garşy iki sany derman bilen doldurylan biodegrirlenip bilinýän polimerleriň şar görnüşli gurluşlarydyr.
Ululygy we gurluşy arkaly nanobölejikler uly molekulalaryň aglabasynyň baryp bilmeýän gan-beýni päsgelçiliginden geçip bilýär. Bu olara beýnidäki rak öýjüklerine dermanlary ýöriteläp eltmäge mümkinçilik berýär.
Syçanlar bilen geçirilen synaglarda alymlar beýnisinde we beýleki dokumalarynda çiş öýjükleriniň ösüntgisi bolan haýwanlara nanobölejikleri goýberdiler.
Netijeler, nanobölejikleriň sanjymlarynyň gemrijileriň 80%-inde beýnidäki we beýleki beden dokumalaryndaky çişiň kiçelmegine sebäp bolandygyny, gözegçilik topary bilen deňeşdirilende, haýwanlaryň ömrüni birnäçe hepde uzaldandygyny görkezdi.


düýn 10:53
1.8k+

Pagta süýjüsinden hem ýeňil: NASA aşa ýeňil bolan iki ekzoplanetany açdy

NASA-nyň TESS kosmos obserwatoriýasy ýerdäki teleskoplar bilen bilelikde dykyzlygy adatdan daşary pes bolan iki sany ekzoplanetany ýüze çykardy. Olar bir ulgamda ýerleşip, özara orbital täsirler arkaly......

düýn 09:54
4.5k+

Alymlar: ýaşlar häzirki wagtda öňkä garanyňda has çalt garraýar

Nature Medicine žurnalynda çap edilen täze gözleg häzirki ýaş nesliň özlerinden öňki nesillere garanyňda, şol bir ýaşda has ýokary biologiki ýaşda bolup biljekdigini görkezdi....

26.06.2026 23:37
4.5k+

Alymlar Ýerdäki iň gadymy krateriň ýaşyny takyklady

Kertin uniwersitetiniň we Günbatar Awstraliýanyň Geologik gullugynyň alymlary Ýerde mälim bolan iň gadymy krateriň ýaşynyň, takmynan, 3 milliard ýyla deňdigi baradaky netijä geldi. Bu ylmy işiň netijeleri......

26.06.2026 15:40
2k+

Jeýms Webb «GJ504b» ekzoplanetasynyň üýtgeşik gülgüne reňkiniň sebäbini düşündirdi

«Jeýms Webb» kosmos teleskopy Ýerden, takmynan, 57 ýagtylyk ýyly uzaklygynda ýerleşýän «GJ504b» ekzoplanetasynyň geň galdyryjy gülgüne reňke eýe bolmagynyň sebäbini anyklamaga kömek etdi....