APL-de möwsümiň iň gowy oýunçysy üçin baýraga dalaşgärler belli boldy

  • 11.05.2024 11:43
  • 9.3k+

Angliýanyň premýer-ligasy (APL) X sosial ulgamynda möwsümiň iň gowy oýunçysy üçin baýraga dalaşgärleriň sanawyny ýerleşdirdi.

Sanawa Fil Foden (“Mançester Siti”), Erling Holand (“Mançester Siti”), Aleksander Isak (“Nýukasl Ýunaýted”), Martin Edegor (“Arsenal”), Koul Palmer (“Çelsi”), Deklan Raýs (“Arsenal”), Wirjil wan Deýk (“Liwerpul”), Oli Uotkins (“Aston Willa”) girdi.
Janköýerler 13-nji maýa çenli ses berip bilerler. Ýeňiji 18-nji maýda yglan ediler.
Ýatlap geçsek, APL-iň bombardirler ýaryşynda “Mançester Sitiniň” hüjümçisi Erling Holand öňdebaryjydyr. Onuň hasabynda 25 gol bar. Ikinji orny “Çelsiniň” ýarym goragçysy Koul Palmer eýeleýär – 21 gol.


düýn 14:33
11k+

DÇ-2026:  Germaniýa Ekwadordan, ABŞ - Türkiýeden ýeňlip, öňe barýarlar

Futbol boýunça dünýä çempionaty barha we barha gyzyşýar. E, F we D toparçalarynda iň soňky, ýagny 3-nji tapgyryň oýunlary tamamlandy. Bu duşuşyklaryň netijelerine görä, toparlaryň ýaryş jetwelindäki gutarnykly......

25.06.2026 13:40
9k+

DÇ-2026: Winisius bombardirleriň bäsleşigine goşuldy, Marokkodan goşa kambek

Futbol boýunça dünýä çempionatynyň tüýs gyzgalaňly pursatlary dowam edýär. A, B we C toparçalarynda iň soňky, ýagny 3-nji tapgyryň oýunlary tamamlandy. Bu duşuşyklaryň netijelerine görä, toparlaryň ýaryş......

24.06.2026 22:49
7.9k+

DÇ-2026: Pleý-off tapgyrynyň öňüsyrasynda toparçalardaky ýagdaý nähili? Kim gider, kim galar?

Futbol boýunça 23-nji dünýä çempionatynyň toparçalaýyn tapgyrynyň iň jogapkärli – 3-nji tapgyry başlanýar. Köp ýygyndylar üçin bu ädim pleý-offa (1/16 finala) çykmagyň soňky mümkinçiligi. A käbirleri eýýämden......

24.06.2026 13:39
11k+

DÇ-2026-nyň 2-nji tapgyry tamamlandy: Ronaldo dubl etdi, Kolumbiýa bilen Angliýa pleý-offda

Futbol boýunça 2026-njy ýylyň dünýä çempionatynda 2-nji tapgyryň ähli duşuşyklary tamamlandy. Oýun gününiň baş wakasy — özüniň ajaýyp oýny bilen meýdançada şowhun döreden Kriştianu Ronaldunyň dubly boldy. Ol......