Nadal toprak üstündäki “Masters” ýaryşlarynda 200 gezek ýeňiş gazanan ilkinji tennisçi boldy

  • 10.05.2024 13:59
  • 3.4k+

Ispaniýaly tennisçi, 22 gezek “Uly tuwulga” çempiony Rafael Nadal “Masters” ýaryşlarynda toprak üstünde geçirilen oýunlarda 200 ýeňiş gazanan ilkinji oýunçy boldy. Bu barada “Çempionat” portaly habar berýär.

Ýubileý oýny Rimde geçirilen “Mastersde” boldy, bu ýerde Nadal 10 gezek çempiondyr. Ol başlangyç duşuşykda dünýäniň 108-nji raketkasy belgiýaly Zizu Bergsi 4:6, 6:3, 6:4 hasabynda utdy.
Belläp geçsek, Rim-2024 Nadal üçin karýerasynda soňky toprak üstündäki “Masters” bolup biler. Öň, tennisçiniň özi şu ýyl karýerasyny tamamlamak meýli barada aýtdy. Möwsümiň galan “Masters” ýaryşlary hard düşeginde geçiriler.
Rimda Nadalyň indiki garşydaşy dünýäniň 9-njy raketkasy polşaly Hubert Hurkaç bolar.


08.06.2026 12:41
2.1k+

Aleksandr Zwerew we Mirra Andreýewa «Rolan Garros» ýaryşynyň ýeňijileri boldy

Nemes tennisçisi Aleksandr Zwerew we russiýaly Mirra Andreýewa Parižde tamamlanan, baýrak gaznasy 61 million ýewrodan gowrak bolan möwsümiň ikinji «Uly tuwulga» ýaryşy — «Rolan Garrosyň» ýeňijileri boldy....

06.06.2026 11:31
3.6k+

Serena Wilýams professional tennise dolanýar

Serena Wilýams tas dört ýyllyk arakesmeden soň professional tennise dolanyp gelýär. Amerikan türgeni Londonda geçiriljek WTA 500 ýaryşynyň jübütleýin görnüşine gatnaşmak üçin ýörite çakylyk aldy....

03.06.2026 17:49
4.3k+

8 ýaşly türkmen tennisçisi Gazagystandaky ýaryşda iki altyn medal gazandy

Türkmenistandan sekiz ýaşly tennisçi Alyhan Nurýagdyýew 25-nji we 30-njy maý aralygynda Gazagystanyň Aktobe şäherinde geçirilen «Aktobe Masters 10&Under GA Road to TOP 8» halkara ýaryşynda iki sany altyn......

01.06.2026 17:02
6.8k+

DÇ-2026-nyň stili: geljekki çempionatyň iň gelşikli we gelşiksiz futbol lybaslary kesgitlendi

Futbol boýunça dünýä çempionatynyň başlanmagyna sanlyja günler galdy. Şonuň üçin şu günler esasan futbol, şeýle-de biletleriň gymmatlygy, FIFA-nyň töweregindäki düşnüksiz jedeller we dürli guramalaryň......