UFC-niň çempiony Aleks Pereýra Braziliýada suw joşmalaryndan zyýan çekenlere $100 000 bagyş etdi

  • 10.05.2024 13:34
  • 15k+

Ýarym agyr agram derejesinde UFC-niň titulynyň häzirki eýesi Aleks Pereýra Braziliýanyň günortasynda suw joşmalaryndan ejir çekenlere 100 000 dollar bagyş etdi. Bu barada MMA HOJE salgylanyp, metaratings.ru habar berýär.

“Günortadaky köp adamlar ýagyşlar we suw joşmalary sebäpli kömege mätäç. Ýakynda men haýyr-sahawat etdim. Bu ýerde, Braziliýada mätäçlere azyk önümleri üçin 100 000 dollar berdim. Men ýene 20 000 dollar bermegi meýilleşdirýärin. Men elimden gelenini edýärin” – diýip, MMA HOJE Pereýranyň sözlerini getirýär.

Ýatlap geçsek, Pereýra soňky söweşini 14-nji aprelde Las-Wegasdaky UFC 300 ýaryşynda Jamal Hilla garşy geçirdi. Bu söweşde Aleks tehniki nokaut bilen ýeňiş gazanyp, çempion guşagyny gorady. Onuň hasabynda 10 ýeňiş we iki ýeňliş bar.


25.06.2026 12:37
6.8k+

Wenesuelada iki güýçli ýer titremesi boldy

24-nji iýunda Wenesuelada 7,2 we 7,5 bal güýjünde iki güýçli ýer titremesi bolup, Karakasda we ýurduň beýleki ýerlerinde uly ýitgiler boldy. Häkimiýetler adatdan daşary ýagdaý yglan etdiler. Ölenleriň we......

24.06.2026 18:53
12k+

Tebigy hadysalar taryhy täzeden ýazanda: dünýäni üýtgeden 5 tebigy betbagtçylyk

Tebigy betbagtçylyklar adatça uly möçberli weýrançylyklar bilen utgaşyp gelýär. Emma taryh olaryň käbirleriniň has köp zada ukyplydygyny görkezýär - olar adamzadyň ösüşiniň ugruny üýtgedip hem bilerler....

24.06.2026 09:31
6.5k+

Seýsmologlar: 2011-nji ýyldaky ýertitreme Ýaponiýany 6 mm gündogara süýşürdi

Seýsmologlaryň halkara topary 2011-nji ýyldaky Beýik gündogar ýapon ýertitremesiniň ýetiren adatdan daşary bir täsirini ýüze çykardy. «Science» žurnalynda neşir edilen ylmy barlag esasy sarsgyndan birnäçe......

20.06.2026 14:57
7.5k+

Kamçatkanyň kenarýakalarynda bir gije-gündizde 30-dan gowrak ýertitreme boldy

Kamçatkanyň gündogar kenarýakasynyň çäklerinde 19-njy we 20-nji iýunda magnituda güýji 6,9-a çenli ýeten yzygiderli ýer titremeleri hasaba alyndy....