Gawaýdaky Kilauea wulkany atylyp başlady: ol 300 metr beýiklige lawa zyňýar

  • 28.05.2025 08:24
  • 9.4k+

Dünýäniň iň işjeň wulkanlarynyň biri bolan Gawaýdaky Kilauea wulkany atylyp başlady. Bu barada ABŞ-nyň Geologiýa gullugynyň Gawaý wulkanologiýa obserwatoriýasy habar berýär.

Atylma 25-nji maýda ýerli wagt bilen sagat 16:15-de başlady. Halemaumau krateriniň üstünde lawa çüwdürimleri ýokary galdy. Günortadaky agzyndan çykýan akymlar 70 metr, demirgazykdakydan çykýan akymlar bolsa 300 metr ýokary galdy. Häzirki wagtda işjeňlik diňe Kilaueanyň depesiniň kalderasy we Kaluapele krateriniň günorta-günbatar bölegi bilen çäklenýär.
Hünärmenleriň berýän maglumatlaryna görä, wulkan bir günde, takmynan, 50 müň tonna kükürt dioksidini atmosfera zyňýar. Bu gaz tüssä öwrülip, esasan-da ýeliň ugrundaky ýerlerde ýaşaýan ilatda dem alyş kynçylyklaryny döredip biler.
Lawa bilen bir hatarda wulkan başga zatlary hem zyňýar. Şol sanda Pele saçlary diýlip atlandyrylýan, wulkaniki aýnadan döreýän inçe süýümler hem bar. Olar derini we gözi gyjyndyryp bilýär. Bu bölejikler ýeliň kömegi bilen onlarça kilometr aralyga ýaýraýar we ýere düşende biri-birine dolaşýar. Ýaşaýjylara olar bilen göni aragatnaşykdan gaça durmak maslahat berilýär.
Atylma «Gawaý wulkanlary» milli seýilgähiniň çäginde bolup geçýär. Bu seýilgäh 2007-nji ýyldan bäri ýapyk. Lawa häzirlikçe krateriň çäginden çykmady, emma Halemaumau etrabynda süýşme we ýarylma howpy bar. Şeýle-de ýer yranyp, krateriň diwarlarynyň ýykylmagyna sebäp bolup biler.
Kilauea wulkany deňiz derejesinden 1243 metr beýiklikde, Gawaý adalarynyň günorta-gündogar böleginde ýerleşýär. Bu ada «Uly ada» diýlip hem atlandyrylýar. Wulkanyň ozalky atylmalary 2024-nji ýylyň iýun, sentýabr we dekabr aýlarynda bolupdy. 2018-nji ýylda atylmalar maýdan awgusta çenli dowam edip, 700-den gowrak jaýy ýumrupdy.


15.03.2026 16:30
7.5k+

Reýunýon adasyndaky wulkan oýanyp, ýolundaky ähli zady ýoklamaga başlady

Hindi ummanyndaky fransuz adasy Reýunýonda dünýäniň iň güýçli wulkanlarynyň biri — Piton-de-la-Furnez oýandy. Bu tebigy hadysa barada Shot Telegram-kanaly habar berýär. Paýlaşylan wideoşekillerde lawanyň äpet çogdumyny we kilometrlere uzaýan gyzgyn akymlaryny görmek bolýar...

12.03.2026 23:40
12k+

ABŞ-nyň birnäçe ştatyna wehimli tornado aralaşyp, güýçli doly ýagdy

Hepdäniň başynda ABŞ-nyň birnäçe sebitinde yzigiderli dowam edýän güýçli harasatlar başlandy. Tehasdan Miçigana çenli bolan aralykdaky ýerlerde çabga ýagyşlary, uly göwrümli doly we güýçli ýel hasaba alyndy. Tebigy harasat sişenbe güni, 10-njy martda başlandy...

26.02.2026 13:53
4.8k+

Kolumbiýada güýçli wulkan atylmasy sebäpli ýaşaýjylar göçürilip başlandy

Kolumbiýada palçyk wulkanynyň örän güýçli atylmagy sebäpli häkimiýetler ýerli ilaty howpsuz ýerlere göçürýär. Bu barada BNO News neşiri habar berýär. Wulkanyň Antiokiýa departamentiniň San-Huan-de-Uraba munisipalitetinde atyldy...

25.02.2026 16:04
12k+

Güýçli ýagyş sebäpli Braziliýanyň Uba şäherini sil aldy, köçelerden ulaglar akyp gitdi

Geçen dynç güni Braziliýada güýçli tupanly ýagyşlar ýagdy. Bu zerarly häzirki wagtda iň agyr ýagdaý Minas-Žeraýs ştatynyň Uba we Žuis-di-Fora şäherlerinde hasaba alyndy. Dowamly ýagyn sebäpli golaýdaky suw howdanlary kenaryndan aşyp, köçeleri sil aldy...