Filippinlerde 7,6 bal ululykda ýertitreme bolup geçdi: sunami howpy yglan edildi

  • 10.10.2025 17:50
  • 18k+

Filippinleriň kenarynda anna gününe geçilen gije güýçli ýertitreme bolup geçdi. Onuň ululygy 7,6 bal boldy diýip, Filippinleriň wulkanologiýa we seýsmologiýa instituty (Pholvolcs) habar berdi.

Ýertitremäniň ojagy Dawao portundan, takmynan, 144 km uzaklykda, deňiz düýbünden 58 km töweregi çuňlukda ýerleşýär.
ABŞ-nyň Milli umman we atmosfera gözlegleri edarasy (NOAA) ýertitremäniň merkezinden 300 km radiusda sunami howpuny yglan etdi. Filippinleriň käbir kenarýaka sebitlerinde birden üç metre çenli beýiklikde tolkunlaryň bolmagyna garaşylýar.
Pholvolcs-yň maglumatlaryna görä, esasy sarsgyndan tiz wagtdan soň 5,2 we 4,9 bal ululykda hem ýertitremeler boldy. Ýewropa-Ortaýer deňziniň seýsmologiýa merkezi hem Mindanao adasynyň töwereginde 5,9 bal ululykda ýerasty sarsgynlaryny hasaba aldy.
Bolup biljek weýrançylyklar we zyýan çekenler barada takyk maglumat ýok.


20.06.2026 14:57
7.1k+

Kamçatkanyň kenarýakalarynda bir gije-gündizde 30-dan gowrak ýertitreme boldy

Kamçatkanyň gündogar kenarýakasynyň çäklerinde 19-njy we 20-nji iýunda magnituda güýji 6,9-a çenli ýeten yzygiderli ýer titremeleri hasaba alyndy....

19.06.2026 10:08
3.4k+

«Artur» tropiki tupany Tehasyň 101 etrabynda adatdan daşary ýagdaý tertibiniň girizilmegine sebäp boldy

2026-njy ýylyň Atlantik harasatlar möwsüminiň ilkinji atlandyrylan tupany bolan «Artur» tropik tupany ABŞ-nyň günortasyndaky birnäçe sebitlerde sil suwlaryna we adatdan daşary ýagdaý düzgüniniň girizilmegine......

17.06.2026 11:34
5.9k+

Germaniýada zäherli gurçuklar sebäpli mekdepleri we seýilgähleri ýapmaly bolýar

Öň habar berşimiz ýaly, tomsuň düşmegi bilen Germaniýanyň birnäçe sebitinde howply mör-möjekleriň - Thaumetopoea processionea kebelek gurçugynyň çozmagy bilen ýüzbe-ýüz bolýarlar. Indi saglyga howpludygy......

16.06.2026 09:56
10k+

Filippindäki ýer titremesi deňziň düýbüni iki metr ýokary galdyrdy

Filippinde bolup geçen 7,8 magnitudaly ýer titremesi deňziň düýbüniň iki metr ýokary galmagyna getirdi. Bu ýagdaý hatda Mindanao adasynyň kenar ýakasyny hem üýtgetdi....