Bäherden sement zawody halkara ülňülerine laýyklyk şahadatnamalaryny aldy

  • 09.05.2024 13:11
  • 6936
Bäherden sement zawody halkara ülňülerine laýyklyk şahadatnamalaryny aldy

8-nji maýda Bäherden sement zawodynyň ikinji tapgyrynyň açylyp ulanmaga berilmegi mynasybetli Türkmenistanyň senagat we gurluşyk önümçiligi ministrine zawodyň halkara hil görkezijilerine laýyklyk şahadatnamalary gowşuryldy. 

Hususan-da, ministre Bäherden sement zawodynyň ikinji tapgyrynyň gurluşygynda “KHD Humboldt Wedag” kompaniýasy tarapyndan ýerine ýetirilen inženerçilik hyzmatlarynyň we ornaşdyrylan enjamlaryň Germaniýanyň senagat standartlaryna (DIN), sement senagatynyň standartlaryna, Halkara elektrotehnika komissiýasynyň (IEC) we ISO standartlaryna laýyk gelýändigini tassyklaýan güwänama gowşuryldy.

"Biz geljekde-de Türkmenistanyň ykdysadyýetiniň okgunly ösmegine ýardam berjek netijeli hyzmatdaşlygy dowam etdirmäge taýýardyrys" diýip, Germaniýa Federatiw Respublikasynyň «KHD Humboldt Wedag/ZAB» kompaniýasynyň hyzmatlar gullugynyň müdiri Gennadiý Mahtumowa aýtdy we «KHD Humboldt Wedag» kompaniýasynyň ýokary howpsuzlyk derejesini, işgärleriň saglygynyň we daşky gurşawyň goraglylygyny üpjün etmek bilen, müşderilere ýokary tehnologik çözgütleri, serişdeleridir hyzmatlary hödürlejekdigine ynam bildirdi.


şu gün 13:15
189

Türkmenistan CNPC bilen “Galkynyş” gaz känini özleşdirmegiň ikinji tapgyryny durmuşa geçirmegi maslahatlaşdy

28-nji maýda Türkmenistanyň Prezidentiniň nebitgaz meseleleri boýunça geňeşçisi A.Begliýew Hytaýyň dünýä belli “CNPC” kompaniýasynyň ýurdumyzdaky şahamçasynyň ýolbaşçysy Çen Huaýlun bilen duşuşdy. Duşuşykda gaz...

şu gün 07:42
2548

Serdar Berdimuhamedow Gitanas Nausedäni Litwanyň Prezidentligine gaýtadan saýlanylmagy bilen gutlady

Prezident Serdar Berdimuhamedow jenap Gitanas Nausedä Litwa Respublikasynyň Prezidenti wezipesine gaýtadan saýlanylmagy mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglaryny iberdi. Döwlet Baştutany şu ýakymly mümkinçilikden...

düýn 23:33
6036

Gyrgyzystan Türkmenistanyň elýeterli derman serişdelerini satyn almak barada gyzyklanýar

Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministri Myrat Mämmedow Gyrgyzystanyň Saglygy goraýyş ministri Alymkadyr Beýşenaliýew bilen duşuşyp, derman we lukmançylyk enjamlary babatda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň...

düýn 22:51
7792

Türkmenistanyň ABŞ-daky ilçihanasy welosipedli ýöriş we futbol ýaryşyny gurady

Türkmenistanyň ABŞ-daky ilçihanasy Türkmenistanyň BMG-niň ýanyndaky Hemişelik wekilhanasy bilen bilelikde Waşington şäherindebirnäçe medeni we sport çärelerini geçirdi. Türkmenistanyň DIM-niň habar bermegine görä...