iPhone 15 Pro Max – iň köp satylan smartfon, Samsung Galaxy S24 Ultra – Android-leriň arasynda lider

  • 09.05.2024 11:40
  • 9.4k+

Counterpoint Research-yň hasabatyna görä, Apple we Samsung kompaniýalarynyň önümleri dünýäniň smartfon bazarynda agalygyny dowam etdirýärler. Olar 2024-nji ýylyň birinji çärýeginde iň köp satylan smartfonlaryň sanawynda on ornuň ählisini eýelediler diýip, ixbt.com ýazýar.

Şeýlelikde, reýtingde ilkinji dört orny Apple-iň smartfonlary eýeledi. Sanawyň başynda iPhone 15 Pro Max ýerleşdi (4,4% paý bilen), onuň yzyndan iPhone 15 (4,3%) we iPhone 15 Pro (3,7%) gelýär. Dördünji orunda iPhone 14 modeli bar (1,9%). iPhone 15 Plus modeli 1,3% bilen sekizinji orny eýeledi.
iPhone Pro hatarynyň meşhurlygy onuň paýyna birinji çärýekde Apple satuwynyň ýarysynyň düşýändigi bilen tassyklanýar.
Samsung Galaxy S24 Ultra flagmany umumy reýtingde bäşinji orny eýelemek bilen, iň köp satylan Android smartfony boldy. Bazarda bu modeliň paýy 1,9%-e deň.
Gözleg ulanyjylaryň premial segmentinden smartfonlary has makul hasaplaýandyklaryny tassyklaýar: iň köp satylan on modeliň ýedisiniň bahasy 600 dollar we ondan hem ýokarydyr.


05.04.2025 13:07
1.4k+

Saglygyňyz boýunça şahsy maslahatçy: Apple Health goşundysy EA goldawy bilen täzelenýär

Apple kompaniýasy «Mulberry» kod ady bilen Health (Saglyk) goşundysynyň täze görnüşiniň üstünde işleýär. Bu goşundy saglyk we iýmit maglumatlaryny derňemek üçin emeli aňdan peýdalanýar diýip, «9to5mac» portaly ýazýar...

18.03.2024 23:51
14k+

DxOMark synaglarynda Samsung Galaxy A35 ekrany boýunça iň gowusy, ýöne kamera boýunça OnePlus-dan pes boldy

DxOMark synagynyň netijelerine görä, Samsung Galaxy A35 bahasy 200-400 dollar aralygyndaky smartfonlaryň arasynda iň gowy ekrana eýe. DxOMarkyň bilermenleri Galaxy A35-iň ekranynyň reňk görkezişine, Gün düşýän...

21.08.2023 13:09
14k+

Apple zarýad alýan iPhone-yň gapdalynda ýatmagyň howpludygyny duýdurdy

Apple iPhone ulanyjylary üçin duýduryş berdi. Kompaniýa gurluşy ulanyjylara zarýad alýan smartfonyň gapdalynda ýatmazlygy berk maslahat berýär. Muny championat.com ýetirýär. Öndüriji iPhone smartfonyny diňe gowy...

düýn 18:42
836

Alymlar ýokary patogenli guş dümewine garşy täsirli nano sanjymyny döretdiler

Amerikaly we kanadaly alymlar ýokary patogenli H5N1 guş dümewine garşy nano-waksinany işläp taýýarladylar. Ýagly nanobölejiklere we keseliň ýokary patogen ştamlarynyň beloklaryna esaslanýan derman syçanlarda üstünlikli synag edildi diýip, Buffalo uniwersitetiniň metbugat gullugy habar berýär...