Samsung saglyk datçikleriniň uly toplumy bilen smart-sagatlarynyň täze hataryny görkezdi

  • 10.07.2025 10:58
  • 3k+

Galaxy Unpacked 2025 çäresinde Samsung kompaniýasy akylly sagatlaryň täze neslini hödürledi – Galaxy Watch8, Watch8 Classic we Watch Ultra (2025).

Esasy model Galaxy Watch8 40 mm we 44 mm korpusly wersiýalarda elýeterli bolar. Kiçi wersiýa iň ýokary ýagtylygy 3000 nit bolan 1,34 dýuýmlyk Super AMOLED displeýi we 325 mA/sag akkumulýator bilen üpjün edildi. Uly wersiýa 1,47 dýuým ekrana we 435 mA/sag batareýa eýe boldy. Olaryň ikisi-de has berk alýuminden ýasalan we ýakut aýnasy bilen goralan bolup, 2 GB operatiw hem 32 GB içki ýat bilen Exynos W1000 çipsetinde işleýär.
Galaxy Watch8 Classic 46 mm polat korpusa, şol bir displeýe, ýöne 64 GB ýada eýe boldy. Model nawigasiýa üçin aýlanýan bezeli saklady.
Galaxy Watch Ultra modeli 47 mm titan korpusa, 1,47 dýuým ekrana, 2 GB operatiw we 64 GB içki ýada eýe boldy.
Görnüşine garamazdan, ähli sagatlar şu aşakdakylar bilen enjamlaşdyryldy:

  • ·Akselerometr;
  • ·Beýikligi ölçeýji;
  • ·Giroskop;
  • ·Geomagnit datçigi;
  • ·Fotopletizmografik datçik;
  • ·Bioimpedansmetr;
  • ·Elektrokardiogramma datçigi.

Ähli modeller Samsung Health programmasynda giňeldilen treking funksiýalaryny goldaýar. EA gün tertibiňizi seljerýär, uky üçin iň amatly wagty, stress derejesini kesgitleýär, dem alyş maşklaryny maslahat berýär we 1-den 10-a çenli şkala boýunça ulanyjynyň ylgaw taýýarlygyna baha berýär. Ilkinji gezek antioksidant indeksini – organizmdäki karotinoidleriň derejesini ölçemek funksiýasy goşuldy.
Samsung Galaxy Watch8 üçin baha 349 dollardan, Galaxy Watch8 Classic üçin 499 dollardan başlaýar. Samsung Galaxy Watch Ultra flagman sagady 649 dollara düşer.


09.05.2024 11:40
9.5k+

iPhone 15 Pro Max – iň köp satylan smartfon, Samsung Galaxy S24 Ultra – Android-leriň arasynda lider

Counterpoint Research-yň hasabatyna görä, Apple we Samsung kompaniýalarynyň önümleri dünýäniň smartfon bazarynda agalygyny dowam etdirýärler. Olar 2024-nji ýylyň birinji çärýeginde iň köp satylan smartfonlaryň...

18.03.2024 23:51
14k+

DxOMark synaglarynda Samsung Galaxy A35 ekrany boýunça iň gowusy, ýöne kamera boýunça OnePlus-dan pes boldy

DxOMark synagynyň netijelerine görä, Samsung Galaxy A35 bahasy 200-400 dollar aralygyndaky smartfonlaryň arasynda iň gowy ekrana eýe. DxOMarkyň bilermenleri Galaxy A35-iň ekranynyň reňk görkezişine, Gün düşýän...

26.01.2026 17:34
2.5k+

Parkinson keselini bejermek üçin emeli aň tarapyndan döredilen derman adamlarda synagdan geçiriler

ABŞ-nyň Azyk we derman serişdelerine sanitar gözegçilik gullugy (FDA) emeli aňyň kömegi bilen işlenip düzülen ISM8969 atly dermany kliniki synaglardan geçirmäge rugsat berdi. Bu çözgüt çiş we neýrodegeneratiw kesellerini bejermekde täze ädim bolup, indi dermany adamlarda barlap görmäge mümkinçilik berýär...

26.01.2026 12:25
3.8k+

Mýunhende Türkmenistanyň saglygy goraýyş ulgamyna goşant goşan nemes lukmanlar sylaglandy

Mýunhende germaniýaly lukmanlaryň Türkmenistanyň saglygy goraýyş ulgamyny ösdürmäge goşan goşantlaryna bagyşlanan dabaraly çäre geçirildi. Ol şäheriň taryhy «Baýrişer Hof» otelinde boldy. Bu çäre ýurduň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna bagyşlandy...