Fýuri bilen Usikiň rewanşynyň senesi belli edildi. Duşuşyk Saud Arabystanynda geçer

  • 09.05.2024 11:23
  • 11k+

Ukrainaly Aleksandr Usik bilen britaniýaly Taýson Fýuriniň arasyndaky jogap söweşi oktýabr aýyna meýilleşdirildi. Bu barada Saud Arabystanynyň güýmenje işleri boýunça Baş edarasynyň başlygy Turki Al aş-Şeýha salgylanyp, ESPN habar berýär. Muny RIA Nowosti ýetirýär.

Boksçylaryň arasyndaky ilkinji söweş 18-nji maýda Saud Arabystanynda geçiriler. Jogap söweşi 12-nji ýa-da 13-nji oktýabra meýilleşdirilýär. Ilkibaşda bu gün amerikaly Dawid Benawides bilen Artur Beterbiýew – Dmitriý Biwol söweşiniň ýeňijisiniň arasynda söweş guramak meýilleşdirilipdi.
Fýuri 35 ýaşynda, ol Bütindünýä boks geňeşiniň (WBC) çempion guşagyna eýe bolup, professional karýerasynda ýeňilmedikdir (34 ýeňiş we bir deňme-deňlik).
37 ýaşly Usikiň hasabynda professional ringde 21 söweşde 21 ýeňiş bar. Ol Bütindünýä boks assosiasiýasynyň (WBA), Halkara boks federasiýasynyň (IBF), Bütindünýä boks guramasynyň (WBO) we Halkara boks guramasynyň (IBO) wersiýalary boýunça çempiondyr.


15.06.2026 15:36
3.2k+

Rodriges Wargasy nokaut edip, üçünji agram derejesinde dünýä çempiony boldy

ABŞ-nyň Glendeýl şäherinde professional boks agşamy geçirildi. Ýaryşyň esasy söweşinde iki agram derejesinde ýeňilmedik dünýä çempiony, amerikaly Jessi Rodriges ýeňil agram derejesinde (53,5 kg çenli) WBA......

30.05.2026 08:45
8.5k+

Hursand Imankuliýew WBC Ýewraziýa görnüşi boýunça çempion boldy

Türkmen boksçysy Hursand Imankuliýew WBC Ýewraziýa görnüşi boýunça çempionlyk guşagyny gazandy. Tutluşyk Daşkentdäki «Humo Arena» sport toplumynda, WBC Ýewraziýa Boxing Night halkara boks agşamynyň çäklerinde......

25.05.2026 16:52
10k+

Kikboksçy Werhowen Usikden ýeňlenden soň resmi şikayat etdi

Niderlandly meşhur kikboksçy Riko Werhowen ukrainaly dünýä çempiony Aleksandr Usikden ýeňlenden soň tutluşygyň netijesine resmi taýdan garşylyk bildirdi. Ol eminiň 11-nji raundda tutluşygy wagtyndan öň......

24.05.2026 15:33
11k+

Usik çempionlyk söweşinde kikboksçy Werhoweni nokaut etdi

Ukrainaly boksçy Aleksandr Usik kikboksçy Riko Werhoweni 11-nji raundda tehniki nokaut bilen ýeňdi we agyr agramdaky WBA, WBC we IBF çempionlyk titullaryny gorap galdy....