Serdar Berdimuhamedow türkmen halkyny we uruş weteranlaryny Beýik Ýeňşiň 79 ýyllygy bilen gutlady

  • 09.05.2024 09:54
  • 9.4k+

Prezident Serdar Berdimuhamedow türkmen halkyny we uruş weteranlaryny 1941 — 1945-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk urşunda gazanylan Ýeňşiň 79 ýyllygy bilen tüýs ýürekden gutlady.

"1941 — 1945-nji ýyllar dünýä taryhynyň iň gazaply we hasratly döwri bolup, basybalyjylykly, talaňçylykly uruş millionlarça adamy pida etdi, öwezini dolup bolmajak ýitgilere getirdi, ýüreklere öçmejek ýaralary saldy. 1418 güne çeken bu gazaply urşuň ilkinji günlerinde biziň watandaşlarymyzyň müňlerçesi fronta meýletin gidip, aldym-berdimli söweş meýdanlarynda doganlyk halklar bilen birlikde jebisleşip, edermenligiň, gaýduwsyzlygyň belent nusgasyny görkezdiler hem-de orden-medallar bilen sylaglandylar. Gazaply söweş meýdanlarynda wepat bolan we Ýeňiş bilen öýlerine dolanan türkmenistanly esgerleriň atlary «Hatyra», «Şöhrat» atly köp jiltli neşirlere girizildi.
Bu pajygaly döwürde ýurdumyzyň ilaty Ýeňşe bolan beýik ynamy bilen gije-gündiz janaýamazakly zähmet çekip, bol bugdaý we pagta hasyllaryny ýygnadylar. Ýüreklere öçmejek ýara salan ýalynly uruş ýyllarynda müňýyllyklardan gözbaş alýan adamkärçilik, ynsanperwerlik ýörelgelerimize eýerilip, altyn-kümüş şaý-sepleriniň 7392 kilogramy Goranmak gaznasyna meýletinlik bilen tabşyryldy. Gelin-gyzlarymyz tarapyndan «Türkmeniň kalby» atly ägirt uly haly dokalyp, türkmen halkynyň parahat we asuda durmuşa bolan meýilleri tutuş dünýä ýaýyldy. Merdana pederlerimiziň söweşjeň edermenligi, gaýduwsyzlygy hakyndaky şöhratly ýatlamalar, ildeşlerimiziň zähmet üstünlikleri Watanymyzyň taryhyna altyn harplar bilen ebedi ýazyldy.
Biz Ýer ýüzünde parahatçylygy, nesilleriň asuda, bagtyýar geljegini gorap, ölmez-ýitmez şöhrat gazanan merdana gerçeklerimize hem-de gaýduwsyz pederlerimize, tutanýerli zähmeti bilen Beýik Ýeňşiň gazanylmagynda ägirt uly işleri bitiren watandaşlarymyza çäksiz guwanýarys" diýlip Gutlagda aýdylýar


şu gün 07:51
1.2k+

Türkmenistanyň Mejlisiniň wekilleri Pekinde geçirilýän okuw maslahatyna gatnaşýar

Türkmenistanyň Mejlisiniň wekilleri Hytaý Halk Respublikasynyň Halk wekilleriniň Ählihytaý ýygnagynyň hemişelik komiteti tarapyndan Pekin şäherinde 22-28-nji iýun aralygynda guralýan «Kanun çykaryjy edaralaryň......

düýn 23:05
1.7k+

Raşid Meredow diplomatik işini tamamlaýan Germaniýanyň ilçisi bilen duşuşdy

24-nji iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Germaniýa Federatiw Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Bernd Haýns bilen duşuşyk geçirdi. Bu duşuşyk......

düýn 16:45
980

Türkmenistanyň wekiliýeti Wenada OPEK Gaznasynyň Ösüş forumyna gatnaşýar

23-nji iýunda Türkmenistanyň Döwlet daşary ykdysady iş bankynyň müdiriýetiniň başlygy Rahymberdi Jepbarowyň ýolbaşçylygyndaky Türkmenistanyň wekiliýeti Awstriýanyň Wena şäherinde geçirilýän OPEK Gaznasynyň......

23.06.2026 22:17
2.1k+

Türkmenistan we Ýewropa Bileleşigi adam hukuklaryny goramak meselelerini maslahatlaşdy

22-nji iýunda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň binasynda Türkmenistan bilen Ýewropa Bileleşiginiň arasynda Adam hukuklary boýunça 18-nji Dialog geçirildi. Mejlise ýurduň degişli ministrlikleriniň we......