Ýaponiýada diş ösdürýän derman synagdan geçiriler

  • 08.05.2024 15:38
  • 10k+

Üstümizdäki ýylyň güýzünde Ýaponiýada gipodontiýany - dişleriň dogabitdi ýoklugyny bejermek üçin döredilen täze dermanyň kliniki synaglary başlar. TASS-yň habar bermegine görä, Kitanonyň Lukmançylyk gözlegleri institutynyň (Osaka) we Kioto uniwersitetiniň eýeçiligindäki wençura kompaniýasynyň hünärmenleri tarapyndan bilelikde döredilen bu derman dişleriň şinelemegine täsir edip, olaryň et ýaryp çykmagyna we ösmegine itergi berýär.

Dermany döredijiler gipodontiýa keseli bolan adamlara dişiniň ýok ýerinde täze dişleri ösdürmäge mümkinçilik berer diýip umyt edýärler. Derman dişleriň ösmegine päsgel berýän beloklaryň hereketini basyp, şineleriň ösmegine we et ýaryp çykmagyna mümkinçilik berer diýip çak edilýär.
2018-nji ýylda alymlar şuňa meňzeş usuly ulanyp, syçanlarda we garynjalarda diş ösdürip ýetişdirmegi başardylar. Eger adamlarda geçirilen kliniki synaglar üstünlikli bolsa, derman stomatologiýada hakyky üstünlik bolup biler we gipodontiýadan ejir çekýän millionlarça adama täze umyt berer.
Synag gutarandan alty ýyl soň dermany amaly ulanmak mümkin bolar diýlip garaşylýar.


20.06.2026 12:08
7.7k+

Saç dökülmä garşy täze derman synaga gatnaşanlaryň 80%-ine kömek etdi

Adamzada saç dökülmä eltýän köp sebäpler mälim bolsa-da, bu ýagdaýa garşy netijeli serişdeler gynansak-da, örän az. Geçirilen täze kliniki barlaglaryň dowamynda «VDPHL01» diýlip atlandyrylýan gerdejik......

15.06.2026 12:32
5.8k+

Tomsuň jöwzasynda özüňi goramagyň düzgünleri: türkmen lukmanlarynyň maslahatlary

Tomus möwsümi saglyga aýratyn üns berilmegini talap edýär. Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň Saglygy goraýşyň habarlar merkezi tomus möwsümini howpsuz geçirmegiň düzgünlerini......

09.06.2026 23:14
7.7k+

Meşhurlaryň halap geýýän köwşi aýaklarda mesele döredip biler

Lukmanlar «baletka» diýlip atlandyrylýan aýakgaplary uzak wagtlap geýmegiň saglyk üçin howpludygyny duýdurýarlar. Olaryň bellemegine görä, şeýle aýakgaplar dowamly agyrylara we aýagyň şekiliniň üýtgemegine......

08.06.2026 07:29
3.4k+

BSGG Afrikada Ebola garşy göreşmek üçin 518 mln dollar gönükdirer

Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasy (BSGG) we Afrikanyň keselleri gözegçilikde saklamak we öňüni almak merkezleri Afrikada Ebola gyzzyrmasynyň ýaýramagyna garşy göreşmek üçin 518 million dollarlyk alty aýlyk......