“Forsaž-11” 2025-nji ýylda çykmaz, ol 2026-njy ýyla meýilleşdirilýär

  • 08.05.2024 11:49
  • 6.8k+

“Forsaž-11” filmi 2026-njy ýylda ekrana çykar. Bu barada režissýor Lui Leterýe aýtdy diýip, daily.afisha.ru habar berýär.

Onuň aýtmagyna görä, film indiki ýylyň başynda surata düşürilip başlanar, 2026-njy ýylda, ýagny ilkinji filmiň çykanyna 25 ýyl bolanda ekrana çykar.
Ilkinji film 2001-nji ýylyň 18-nji iýunynda prokata çykdy, şonuň üçin franşizanyň on birinji bölüminiň relizi hem 2026-njy ýylyň iýun aýynda bolup biler.
Leterýe soňky filmiň birinji kartinanyň döredilen ýeri bolan Los-Anjelese gaýdyp geljekdigini aýtdy. Režissýor franşizanyň nähili tamamlanjakdygy barada maglumat bermedi.
“Forsaž-11-iň” üstünde işläp başlamazdan ozal Leterýe “kiçiräk” elhençlikler filminiň surata düşürilişini tamamlamak isleýär. Ol 2024-nji ýylyň 15-nji sentýabryna çenli bolmaly.
Ýatlap geçsek, ilkibaşda Universal Pictures “Forsaž-11-i” 2025-nji ýylyň aprel aýynda çykarmakçydy.


şu gün 12:00
176

Disney 2026-njy ýylda film studiýalarynyň içinde ýygymy 3 milliard dollardan geçen ilkinji studiýa boldy

Walt Disney Studios 2026-njy ýylda dünýäde kassa girdejisini 3 milliard dollardan geçiren ilkinji kinostudiýa boldy diýip, Deadline neşiri habar berýär. Çeşmäniň maglumatyna görä, kompaniýanyň şu ýylky ähli......

şu gün 10:12
509

«Minýonlar we nägehanlar» multfilminiň premýerasynda minýon dilinde aýdym aýtmak bäsleşigi geçdi

«Minýonlar we nägehanlar» multfilminiň premýerasynda minýon dilinde aýdym aýtmak boýunça bäsleşik geçirildi. Ýeňiji bolan gyz «Jackson 5» toparynyň «I'll Be There» aýdymyny ýerine ýetirdi....

27.06.2026 11:31
2.2k+

Tarantino bilen aýdymçy Kaýli Minoug bir filmde oýnar

Amerikan režissýory Kwentin Tarantino britaniýaly režissýor Jeými Adamsyň täze filminde surata düşer. Awstraliýaly aýdymçy Kaýli Minoug hem şol filmde oýnar diýip, Variety neşiri habar berýär....

26.06.2026 23:58
2.2k+

Illumination studiýasy «Zweropoý» we «Öý haýwanlarynyň gizlin durmuşy» filmleriniň täze bölümlerini taýýarlaýar

«Illumination» studiýasy «Zweropoý 3» (Sing 3) we «Öý haýwanlarynyň gizlin durmuşy 3» (Тайная жизнь домашних животных 3) animasion filmlerini işläp düzmäge başlady. Bu barada kompaniýanyň ýolbaşçysy Kris......