Uruş weteranlaryna gymmat bahaly sowgatlary gowşurmak dabarasy geçirildi

  • 08.05.2024 07:33
  • 13k+

7-nji maýda Aşgabat şäher häkimliginiň «Mekan» köşgünde 1941 — 1945-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk urşunda gazanylan Ýeňşiň 79 ýyllygy mynasybetli uruş weteranlaryna, uruşda wepat bolan esgerleriň ýanýoldaşlaryna Türkmenistanyň Prezidentiniň adyndan gymmat bahaly sowgatlaryň gowşurylyş dabarasy boldy. Oňa ýurdumyzyň jemgyýetçilik guramalarynyň ýolbaşçylary, uruş weteranlary, il sylagly ýaşulular, talyp ýaşlar, şolar bilen bir hatarda köp sanly harby talyplar gatnaşdylar.

Beýik Watançylyk urşunda gazanylan Ýeňşiň 79 ýyllygy mynasybetli geçirilen çäräniň öňüsyrasynda oňa gatnaşyjylar bu ýerde ýaýbaňlandyrylan sergi bilen tanyşdylar. Onda ýowuz uruş ýyllaryny başyndan geçiren adamlaryň gaýratlylygyny, edermenligini beýan edýän gymmatlyklar, frontdan iberilen hatlar, fotosuratlar görkezildi.
Urşuň kynçylyklaryny egni bilen çeken ýaşuly nesliň wekilleriniň çykyşlary aýratyn täsirli boldy. Uruş weterany Antonina Prýaniçnikowa hem demir ýol gullugynyň goşun hatarynda Leningrad we Stalingrad şäherlerini duşman gabawyndan azat etmekde gaýratlylyk görkezip, Beýik Ýeňşe özüniň goşandyny goşupdyr. Onuň sözlerine görä, gazanylan Ýeňiş doganlyk halklaryň agzybirliginiň, Watan üçin gara başyny hem gaýgyrmaýan ogul-gyzlaryň merdanalygynyň aýdyň nyşanydyr.
Duşman gabawyna düşen parahat ilatyň başdan geçiren kynçylyklaryny gözleri bilen gören weteran Galina Mamedowanyň belleýşi ýaly, üstünden 79 ýylyň geçendigine garamazdan, Watan öz gaýratly ogullaryny hiç wagt ýatdan çykarmaýar. Häzirki bagtyýar döwrümizde olaryň hormat-sarpasy has belentden tutulýar. Biz parahatçylygyň, dost-doganlygyň, abadan durmuşyň Ýer ýüzünde dabaralanmagy ugrunda uly tagallalary edýän ýurtda ýaşaýarys.
Dabaraly çäräniň dowamynda uruş weteranlaryna hormatly Prezidentimiziň adyndan gymmat bahaly sowgatlar gowşuryldy. 


şu gün 00:03
567

Türkmenistanda göreji pes çagalar üçin informatika boýunça ilkinji gezek okuw gollanmasy neşir edildi

Türkmen döwlet neşirýat gullugy tarapyndan ýurduň Saglygy dikeldiş okuw-terbiýeçilik toplumlarynyň kör we çala görýän mekdep ýaşly çagalar bölümleriniň birinji synp okuwçylaryna niýetlenen «Informatikanyň......

düýn 19:31
1k+

Medeniýet hepdeligi – 2027 Daşoguz welaýatynda geçiriler

2027-nji ýylda Medeniýet hepdeligi 22-nji we 27-nji iýun aralygynda Daşoguz welaýatynda geçiriler. Degişli Karara Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow gol çekdi. Resminama bilen guramaçylyk topary......

26.06.2026 20:34
1.4k+

«Ýaş tebigatçy» guramasy «Bilelikde ýaşyl geljege!» eko-festiwalyna gatnaşmaga çagyrýar

«Ýaş tebigatçy» jemgyýetçilik guramasy Aşgabadyň ýaşaýjylaryny we myhmanlaryny ekologiýa medeniýetini ösdürmäge hem-de durnukly ösüşe bagyşlanan «Bilelikde ýaşyl geljege!» atly eko-festiwala gatnaşmaga......

23.06.2026 19:04
8.7k+

Aşgabatdaky awtoulag kärhanasy ýük ulaglary üçin sürüjileri işe alýar

Türkmenistanyň Awtomobil ulaglary ministrliginiň Aşgabatdaky awtoulag kärhanasy «KamAZ 6520» kysymly agyr ýük göteriji awtoulaglary dolandyrjak sürüjileri işe alýandygyny mälim etdi....