Marsda marganes oksidi tapyldy. Ol geçmişde mikroblaryň bolandygyny görkezip biler

  • 07.05.2024 18:41
  • 12k+

Curiosity mars roweri Geýl kraterinde marganes oksidini tapdy, bu milliardlarça ýyl ozal Gyzyl planetada mikroblaryň ýaşandygyny aňladyp biler diýip, IXBT ýazýar.

Curiosity mars roweri 2012-nji ýyldan bäri diametri 154 kilometr bolan urgy kraterini öwrenýär. Gözlegler gadymy döwürlerde krateri bölekleýin suw basandygyny eýýäm kesgitledi, ýöne käbir bilermenler bu pikire garşy çykýarlar. Şeýle-de bolsa, täze maglumatlar alymlaryň gadymy kölüň bolandygy baradaky çaklamasyny tassyklaýar.

Curiosity krateriň merkezinde Şarp dagynyň eňňidinde ýerleşýän Mýurreý çökündileriniň emele gelen ýerinde marganes oksidiniň ep-esli ýygnanandygyny ýüze çykardy.

Ýer ýüzünde marganes oksidi, köplenç, kölleriň ýataklary ýa-da derýanyň deltalary ýaly, ýokary oksidleýji işjeňlikdäki ýerlerde bolýar. Alymlar Marsda oksidleniş prosesini katalizleýän mikroorganizmleriň işjeňliginiň netijesinde marganes oksidiniň emele gelip biljekdigini çaklaýarlar.

Los Alamosyň milli barlaghanasynyň esasy gözlegçisi Patrik Gasda: "Marganes oksidini Marsyň üstünde emele getirmek kyn, şonuň üçin kenarýaka çökündilerinde ony beýle ýokary konsentrasiýalarda taparys diýip garaşmandyk" -diýdi.

Potensial biologiki alamat bolmakdan başga-da, marganes oksidiniň bolmagy Geýl kölünde bir wagtlar ýaşaýyş üçin amatly şertleriň bolandygyny görkezýär. Alymlaryň sözlerine görä, marganes gaýalarda jemlenip, irizerre argillitden syzylyp, ýerasty suwlardan geçip biler. Muňa garamazdan, onuň okislenmegi üçin kislorodyň nireden gelendigi henizem syr bolup galýar.


düýn 10:53
1.8k+

Pagta süýjüsinden hem ýeňil: NASA aşa ýeňil bolan iki ekzoplanetany açdy

NASA-nyň TESS kosmos obserwatoriýasy ýerdäki teleskoplar bilen bilelikde dykyzlygy adatdan daşary pes bolan iki sany ekzoplanetany ýüze çykardy. Olar bir ulgamda ýerleşip, özara orbital täsirler arkaly......

düýn 09:54
4.5k+

Alymlar: ýaşlar häzirki wagtda öňkä garanyňda has çalt garraýar

Nature Medicine žurnalynda çap edilen täze gözleg häzirki ýaş nesliň özlerinden öňki nesillere garanyňda, şol bir ýaşda has ýokary biologiki ýaşda bolup biljekdigini görkezdi....

26.06.2026 23:37
4.5k+

Alymlar Ýerdäki iň gadymy krateriň ýaşyny takyklady

Kertin uniwersitetiniň we Günbatar Awstraliýanyň Geologik gullugynyň alymlary Ýerde mälim bolan iň gadymy krateriň ýaşynyň, takmynan, 3 milliard ýyla deňdigi baradaky netijä geldi. Bu ylmy işiň netijeleri......

26.06.2026 15:40
2k+

Jeýms Webb «GJ504b» ekzoplanetasynyň üýtgeşik gülgüne reňkiniň sebäbini düşündirdi

«Jeýms Webb» kosmos teleskopy Ýerden, takmynan, 57 ýagtylyk ýyly uzaklygynda ýerleşýän «GJ504b» ekzoplanetasynyň geň galdyryjy gülgüne reňke eýe bolmagynyň sebäbini anyklamaga kömek etdi....