Şu gün Kremlde W.Putin bäşinji gezek Russiýanyň Prezidenti wezipesine girişer

  • 07.05.2024 06:58
  • 24k+

Şu gün Wladimir Putin bäşinji gezek Russiýanyň Prezidenti wezipesine girişer. Kasam kabul etmek dabarasy Kremlde geçiriler.

Dabara birnäçe müň myhmanyň gatnaşmagyna garaşylýar.
Mart aýynda Russiýada geçirilen prezident saýlawlarynda Wladimir Putin sesleriň 87%-ini gazanyp, ýeňiş gazandy.
Dabaraly kasam kabul edilýän günde, kanuna laýyklykda, hereket edýän hökümet wezipesinden aýrylýar. Saýlanan Prezidentiň öňünde wezipe ygtyýarlyklarynyň tamamlanandygy barada premýer-ministr Mihail Mişustin yglan eder. 7-nji maýda Ministrler Kabineti wezipe ygtyýarlyklaryny tabşyrar, Hökümetiň täze düzümini bolsa W.Putin dabaradan soň iki hepdäniň içinde yglan eder. Premýer-ministri Döwlet dumasy tassyklamaly. Munuň 10-njy maýda bolmagyna garaşylýar.


20.04.2026 20:30
4.7k+

Raşid Meredow Antalýada birnäçe döwletleriň daşary işler ministrleri bilen duşuşyklary geçirdi

18-nji aprelde Antalýa şäherinde geçirilen Bäşinji Antalýa diplomatik forumynyň (ADF-2026) çäklerinde Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow birnäçe döwletleriň daşary syýasat edaralarynyň......

09.04.2026 19:49
8.7k+

Russiýanyň ilçisi Putiniň we Mişustiniň Türkmenistana amala aşyrjak saparlary barada habar berdi

2026-njy ýylda Russiýanyň Hökümetiniň Başlygy Mihail Mişustin we Russiýanyň Prezidenti Wladimir Putin Türkmenistana sapar bilen geler. Bu barada Russiýanyň ilçisi Iwan Wolynkin «Neýtralnyý Turkmenistan»......

13.02.2026 15:31
4.9k+

Raşid Meredow we Sergeý Lawrow telefon arkaly bilelikdäki çäreleriň tertibini ylalaşdy

12-nji fewralda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow bilen Russiýa Federasiýasynyň daşary işler ministri Sergeý Lawrowyň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik boldy. Bu barada Türkmenistanyň daşary syýasat edarasynyň metbugat gullugy habar berdi...

30.01.2026 18:11
1.5k+

Aşgabatda türkmen-rus syýasy geňeşmeleri geçirildi

29-njy ýanwarda Aşgabatda daşary işler ministrleriniň orunbasarlarynyň derejesinde türkmen-rus syýasy geňeşmeleriniň nobatdaky tapgyry geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi habar berdi. Gepleşiklere Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary Ahmet Gurbanow we onuň russiýaly kärdeşi Mihail Galuzin gatnaşdy...