Serdar Berdimuhamedow welaýat häkimleri bilen nobatdaky iş maslahatyny geçirdi

  • 06.05.2024 23:50
  • 9.7k+

6-njy maýda Prezident Serdar Berdimuhamedow ýurdumyzyň oba hojalyk toplumynda  we sebitlerde alnyp barylýan möwsümleýin işleriň barşy bilen iş maslahatyny geçirdi. Maslahata oba hojalyk toplumyna gözegçilik edýän wise-premýer T.Atahallyýew hem-de welaýatlaryň häkimleri gatnaşdy.

Maslahatyň dowamynda häkimler we wise-premýer ýurdumyzda dowam edýän möwsümleýin oba hojalyk işleriniň barşy barada hasabat berdiler.
Welaýatlaryň bugdaý ekilen meýdanlarynda ideg etmek hem-de ösüş suwuny tutmak işleri alnyp barylýar. Şeýle hem galla oragynda işledilmegi meýilleşdirilýän galla kabul ediş kärhanalary, elewatorlary we bugdaý ýygýan kombaýnlary möwsüme taýýarlamak boýunça degişli işler geçirilýär.
Şunuň bilen birlikde, ýurdumyzda ýeralmanyň we beýleki gök-bakja ekinleriniň öndürilýän möçberlerini artdyrmak, bu önümler bilen ilatymyzy bolelin üpjün etmek boýunça öňde goýlan wezipelerden ugur alnyp, welaýatlaryň ekerançylyk meýdanlarynda ýazlyk ekilen ekinlere agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda ideg etmek hem-de güýzlük ekilen ekinleriň hasylyny ýygnap almak işleri dowam etdirilýär.
Ýurdumyzda pile öndürmek möwsümini guramaçylykly geçirmek maksady bilen, häzirki wagtda ýüpek gurçugyna ideg etmek, şeýle hem Lebap we Mary welaýatlarynda ýetişdirilen pile hasylyny ýygnamak işleri alnyp barylýar.   
Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, oba hojalyk ekinlerinden bol hasyl almak barada öňde goýlan wezipeleriň üstünlikli ýerine ýetirilmegine toplumlaýyn çemeleşmegiň zerurdygyny belledi we şunuň bilen baglylykda, ýurdumyzyň gowaça hem-de bugdaý meýdanlarynda alnyp barylýan işleriň agrotehnikanyň kadalaryny berk berjaý etmek arkaly ýerine ýetirilmegini gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.
Iş maslahatynyň dowamynda Serdar Berdimuhamedow käbir resminamalara gol çekdi.


düýn 19:38
4.6k+

Raşid Meredow ukrain diplomatlary bilen duşuşdy

25-nji iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Ukrainanyň daşary işler ministriniň orunbasary Oleksandr Mişenko we Ukrainanyň Daşary işler ministrliginiň Merkezi Aziýa ýurtlary bilen......

düýn 19:26
1.7k+

Daşary işler ministrleriniň orunbasarlary derejesinde türkmen-ukrain syýasy geňeşmeleri geçirildi

25-nji iýunda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde daşary işler ministrleriniň orunbasarlarynyň derejesinde türkmen-ukrain syýasy geňeşmeleri geçirildi. Bu barada ministrligiň metbugat gullugy habar......

26.06.2026 20:55
3k+

Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» ýubileý medaly bilen sylaglandy

25-nji iýunda Tokioda, Ýaponiýanyň Parlamentiniň binasynda Ýapon-Türkmen Parlamentara Dostluk toparynyň ozalky başlygy Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» atly ýubileý medalyny we......

25.06.2026 19:25
1.3k+

Astanada türkmen-gazak ykdysady hyzmatdaşlygynyň täze ugurlary kesgitlenildi

24-nji iýunda Astana şäherinde Türkmenistan bilen Gazagystan Respublikasynyň arasynda Ykdysady, ylmy-tehniki we medeni hyzmatdaşlyk boýunça Bilelikdäki hökümetara türkmen-gazak toparynyň nobatdaky mejlisi......