NASA möhletlerini berjaý edýär: Artemis 2 Aýa 2025-nji ýylda, Artemis 3 bolsa 2026-njy ýylda ugradylar

  • 06.05.2024 14:52
  • 4.8k+

ABŞ-nyň Milli aeronawtika we kosmos giňişliginiň gözlegleri dolandyryş müdirligi (NASA) Artemis Aý programmasynyň çäklerindäki uçuş missiýalarynyň meýilleşdirilen möhletlerini üýtgetmez. Bu barada kosmos bölüminiň wekili mälim etdi diýip, TASS habar berýär.

Artemis 2 missiýasynyň çäginde adamyň Aýa ilkinji uçuşy 2025-nji ýylyň sentýabr aýynda amala aşyrylar. 2026-njy ýylyň sentýabr aýynda Artemis 3 missiýasynyň çäginde astronawtlar Ýeriň hemrasynyň Günorta polýusyna gonmagy meýilleşdirýärler.
Bu missiýalar ilkibaşda degişlilikde 2022-nji we 2024-nji ýyllara meýilleşdirilipdi, ýöne seneler birnäçe gezek yza süýşürildi.
Artemis Aý programmasynyň maksadynyň 2028-nji ýyla çenli adamy Aýa gondurmakdan, 2030-njy ýyllaryň ortalaryna bolsa astronawtlary Marsa ibermekden ybaratdygyny ýatladýarys.
Programmanyň birinji tapgyry - Artemis 1 - eýýäm üstünlikli tamamlandy. 2022-nji ýylyň noýabr aýynda Orion kosmiki gämisi Aýa ekipažsyz uçuşy amal aşyrdy.
Artemis Aý programmasy ABŞ-nyň 1969-njy we 1972-nji ýyllar aralygynda Aýda alty sany astronawty gondurmagy amala aşyran Apollon programmasynyň dowamydyr. Programmanyň ady hem şondan gelip çykýar: Aýyň gadymy grek taňrysy – Artemida (Artemis) ýagtylygyň hudaýy Apollonyň aýal doganydyr.


düýn 11:18
847

Starship-i Aýa uçuşlar üçin orbitara çekiji etmegi meýilleşdirýärler: SpaceX näme teklip edýär?

SpaceX kompaniýasy NASA-nyň "Artemis" maksatnamasynyň çägindäki geljekki Aý missiýalarynyň tertibini üýtgetmegi we "Starship" gämisine Aýa ekipažlary eltip bermekde has giň gerimli orun bermegi teklip etdi....

düýn 10:34
1.5k+

Şwesiýa 40 ýyldan soň atom reaktorlarynyň gurluşygyna dolanýar. Rolls-Royce üpjün ediji bolar

Şwesiýanyň Vattenfall energetika kompaniýasy ýurduň täze atom maksatnamasynyň çäklerinde üç sany kiçi modully ýadro reaktoryny üpjün ediji hökmünde Beýik Britaniýanyň Rolls-Royce SMR kompaniýasyny saýlady....

14.06.2026 16:13
5.9k+

NASA-nyň zondy Günüň golaýyndaky 1300 °C gyzgynlyga döz gelip, gaýtadan aragatnaşyga çykdy

«Parker Solar Probe» kosmos enjamy Günüň golaýyna tarap ýene bir gezek taryhy rekord derejede golaýlaşmadan we Ýer bilen aragatnaşyksyz geçen dokuz günlük özbaşdak uçuşyndan soň, şowly ýagdaýda ýene......

13.06.2026 16:56
2.1k+

Ylym we tehnologiýalar boýunça Döwlet maksatnamasy tassyklanyldy

Türkmenistanda adam maýasyny, ilatyň intellektual derejesini has-da ösdürmek, ýaşlary ylmy-barlag işlerine işjeň çekmek hem-de ylmyň, tehnikanyň we tehnologiýalaryň gazananlaryny wagyz etmek maksady bilen,......