Talyp ýigitleriň arasynda «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň bagtyýar gerçekleri» bäsleşiginiň ýeňijisi belli boldy

  • 04.05.2024 21:36
  • 9.8k+

3-nji maýda Ýeňiş güni mynasybetli ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň talyp ýigitleriniň arasynda geçirilýän «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň bagtyýar gerçekleri» atly döredijilik bäsleşiginiň jemleýji tapgyry boldy. Bu barada Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň resmi saýtynda habar berilýär.

Jemleýji bäsleşik «Türkmengaz» döwlet konserniniň Medeni-işewürlik merkezinde geçirildi.
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi geňeşi we Bilim ministrligi tarapyndan bilelikde guralan bäsleşigiň birinji şerti boýunça talyp ýigitler özleriniň saýlap alan hünärleriniň jemgyýetdäki ornuny çeper okaýyş arkaly wasp etdiler. Soňra ikinji şerte laýyklykda, «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýyly bilen baglanyşykly türkmen ýigidine mahsus edermenlik, mertlik, ruhubelentlik, adalatlylyk häsiýetlerini açyp görkezýän aýdymdyr sazlar, goşgudyr sahnalar ýerine ýetirildi.
Üçünji şertde bäsdeş ýigitler ýekelikde şorta sözleri ýerine ýetirip, dabaranyň şowhunyny artdyrdylar.
Şeýlelikde, emin agzalarynyň beren utuklaryna laýyklykda, Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň türkmen dili we edebiýaty fakultetiniň 5-nji ýyl talyby Mekan Kurdow bäsleşigiň jemleýji tapgyrynyň baş baýragyna eýe boldy we ýeňiji diýlip yglan edildi.
Baýrakly orunlara eýe bolan we bäsleşige işjeň gatnaşan talyplar guraýjylar tarapyndan Hormat hatlary hem-de ýadygärlik sowgatlary bilen sylaglandylar.


03.06.2026 18:04
2.1k+

A.S.Puşkin adyndaky teatr Russiýada geçen halkara festiwalyň Kubogyna mynasyp boldy

Paýtagtymyzdaky A.S.Puşkin adyndaky rus döwlet drama teatry 2026-njy ýylyň 22-nji we 31-nji maýy aralygynda geçirilen «Melihowo bahary» atly XXVI halkara teatr festiwalyna gatnaşdy....

03.06.2026 16:40
5.7k+

Türkmenistanda iň gowy mekdep, çagalar bagy we iň göreldeli mugallymlar saýlandy

Türkmenistanyň Bilim ministrligi tarapyndan guralan bilim edaralarynyň we pedagogik işgärleriň arasynda yzygiderli geçirilýän döwlet bäsleşikleriniň jemleri jemlendi. Bu bäsleşikler ýurdumyzyň ähli......

03.06.2026 15:43
7.7k+

Türkmenistanda tokaý hojalygy we temmäkä garşy göreş ulgamynda täze maksatnamalar tassyklandy

«Türkmenistanyň 2026 – 2030-njy ýyllar üçin Milli tokaý maksatnamasy» hem-de «Türkmenistany temmäkiden azat ýurda öwürmek boýunça 2026 – 2030-njy ýyllar üçin Milli maksatnama», şeýle hem olary durmuşa geçirmek......

03.06.2026 15:12
3.9k+

Döwletliler köşgüniň çagalaryna welosipedler sowgat berildi

Bütindünýä welosiped güni mynasybetli paýtagtymyzyň Döwletliler köşgüniň Gökderedäki «Çynar» çagalar dynç alyş merkezinde wagtyny şadyýan geçirýän çagalaryna dabaraly ýagdaýda welosipedler gowşuryldy. Bu......