Türkmenbaşyda iň köp energiýa tygşytlaýan mekdep saýlandy

  • 03.05.2024 17:36
  • 23k+

«Ýewropa Bileleşigi – Türkmenistan: Durnukly energiýa günleri» möwsüminiň çäginde Balkan welaýatyň Türkmenbaşy şäherindäki 10-njy orta mekdep şäherdäki orta mekdepleriň arasynda iň tygşytly energiýa sarp ediji hökmünde ykrar edildi. Bu barada "Türkmenistan: Altyn asyr" elektron neşiri habar berýär.

Baýrak gowşurylyş dabarasyna Türkmenistanyň Energetika ministrliginiň, Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň, Türkmenbaşy şäheriniň häkimliginiň wekilleri, mekdep mugallymlary, okuwçylar, ene-atalar, ÝB-niň Türkmenistandaky wekilhanasynyň işgärleri gatnaşdylar.
ÝB-niň Türkmenistandaky ilçisi Beata Peksa öz çykyşynda belleýşi ýaly, bu baýrak mugallymlaryň tebigy baýlyklary seresaply we oýlanyşykly peýdalanmakda, şeýle hem daşky gurşawy we planetany goramakda çagalaryň başarnyklaryny ösdürmekde bahasyna ýetip bolmajak goşandynyň ykrar edilmegidir.
Baýrak gowşurylyş dabarasyndan soň «Tebigat biziň umumy öýümiz» temasy boýunça okuw sapagy geçirildi, ekologiýa taýdan arassa ulag görnüşlerini, şeýle hem agaç nahallaryny wagyz etmek üçin sport ýaryşlary we welosiped sürmek guraldy.
«Ýewropa Bileleşigi – Türkmenistan: Durnukly energiýa günleri» Aşgabatda we Türkmenbaşyda halk köpçüliginiň, şol sanda ýaşlaryň we mekdep okuwçylarynyň energiýa netijeliligi we täzelenip bilýän energiýa çeşmeleri barada habardarlygyny ýokarlandyrmaga gönükdirilendir.

 


17.06.2026 10:34
2.2k+

Şwesiýa 40 ýyldan soň atom reaktorlarynyň gurluşygyna dolanýar. Rolls-Royce üpjün ediji bolar

Şwesiýanyň Vattenfall energetika kompaniýasy ýurduň täze atom maksatnamasynyň çäklerinde üç sany kiçi modully ýadro reaktoryny üpjün ediji hökmünde Beýik Britaniýanyň Rolls-Royce SMR kompaniýasyny saýlady....

13.06.2026 16:56
2.2k+

Ylym we tehnologiýalar boýunça Döwlet maksatnamasy tassyklanyldy

Türkmenistanda adam maýasyny, ilatyň intellektual derejesini has-da ösdürmek, ýaşlary ylmy-barlag işlerine işjeň çekmek hem-de ylmyň, tehnikanyň we tehnologiýalaryň gazananlaryny wagyz etmek maksady bilen,......

13.06.2026 11:09
2k+

Alymlar Gün şöhlesinden we suwdan suwuk ýangyç almak üçin «emeli ýaprak» oýlap tapdylar

Ýel uniwersitetiniň ýolbaşçylygyndaky barlagçylar topary Gün energiýasyny ulanyp, suwy we uglerod iki oksidini metanola öwürmäge ukyply enjam döretdiler. Ulgam «emeli ýaprak» ýörelgesi boýunça işleýär we......

02.06.2026 20:46
4.6k+

Italiýa elektrik togunyň ölçeg birliginiň adyny üýtgetmegi teklip edýär

Italiýanyň Hökümeti elektrik naprýaženiýesiniň halkara ölçeg birliginiň adyny «woltdan» «wolta» diýip üýtgetmek başlangyjy bilen çykyş etdi....