Türkmen alymlary ýyladyşhanalar üçin uniwersal suwuk dökün işläp taýýarlaýarlar

  • 10.08.2025 22:48
  • 3.1k+

Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Himiýa institutynda ýyladyşhanalar üçin KAS-28, -30 we -32 suwuk dökünleriniň döredilmegi boýunça işler tamamlaýjy tapgyrda alnyp barylýar. «Türkmenistan: Altyn asyr» elektron neşiriniň habar bermegine görä, täze önümiň düzüminde kaliý, azot, ammiak selitrasy we beýleki peýdaly goşundylary bar.

Täze işläp taýýarlama gök önümleri, sitrus miwelerini hem-de banan ösdürip ýetişdirýän ýerli ýyladyşhana hojalyklarynda gyzyklanma döredýär. Goňşy ýurtlar hem bu dökünden «çäklendirilmedik mukdarda» satyn almaga taýýarlyk görýärler. Institut döküniň senagat görnüşinde öndürilişine gatnaşmagy, onuň Türkmenistanda ylmy esasda, barlaghana gözegçiligi bilen öndürilmegini meýilleşdirýär.
Tehnologik taslamalar we ornaşdyrma bölüminiň uly inženeri Amanmyrat Remezanowyň sözlerine görä, dökün ýyladyşhana ösümlikleri üçin zerur bolan ähli maddalary — witaminleri, mineralary, mikroelementleri hem-de kesellere we zyýankeşlere garşy gorag berýän bölekleri özünde jemleýär. Ulanylmazdan öň garyndy her bir ekiniň aýratynlyklaryny göz öňünde tutup, gerekli konsentrasiýa çenli suw bilen garylmaly. Ony damjalaýyn suwaryş ulgamy arkaly berip, bir wagtda hem suwaryş, hem-de iýmitlendiriş amala aşyrylyp bilner.
Garyndy ekologiýa talaplary göz öňünde tutulyp taýýarlanyldy — ol toprak, ösümlikler we daşky gurşaw üçin howpsuzdyr. Hünärmenleriň pikiriçe, ony diňe ýyladyşhana hojalyklarynda däl, eýsem, açyk meýdanda miweler, gawun-garpyz we gök önümler öndürýänler hem ulanyp bilerler.


17.06.2026 10:34
1.9k+

Şwesiýa 40 ýyldan soň atom reaktorlarynyň gurluşygyna dolanýar. Rolls-Royce üpjün ediji bolar

Şwesiýanyň Vattenfall energetika kompaniýasy ýurduň täze atom maksatnamasynyň çäklerinde üç sany kiçi modully ýadro reaktoryny üpjün ediji hökmünde Beýik Britaniýanyň Rolls-Royce SMR kompaniýasyny saýlady....

13.06.2026 16:56
2.1k+

Ylym we tehnologiýalar boýunça Döwlet maksatnamasy tassyklanyldy

Türkmenistanda adam maýasyny, ilatyň intellektual derejesini has-da ösdürmek, ýaşlary ylmy-barlag işlerine işjeň çekmek hem-de ylmyň, tehnikanyň we tehnologiýalaryň gazananlaryny wagyz etmek maksady bilen,......

13.06.2026 12:41
1.7k+

Alymlar kümüş atomlaryndan taryhda iň kiçijik QR-kody döretdi

Awstraliýanyň Monaş uniwersitetiniň we Çehiýanyň Ylymlar akademiýasynyň alymlary QR-kod döretdi. Bu model Ginnesiň rekordlar kitabyna giren ozalky koddan, takmynan, 800 esse kiçidir....

13.06.2026 11:09
1.9k+

Alymlar Gün şöhlesinden we suwdan suwuk ýangyç almak üçin «emeli ýaprak» oýlap tapdylar

Ýel uniwersitetiniň ýolbaşçylygyndaky barlagçylar topary Gün energiýasyny ulanyp, suwy we uglerod iki oksidini metanola öwürmäge ukyply enjam döretdiler. Ulgam «emeli ýaprak» ýörelgesi boýunça işleýär we......