Aşgabatda robot gämi ýaryşy geçirildi

  • 18.08.2025 16:16
  • 11k+

Aşgabat şäheriniň daşary ýurt dillerine ýöriteleşdirilen 13-nji orta mekdebinde ýaşlaryň arasynda robot gämi ýaryşy geçirildi. Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň Aşgabat şäher Baş bilim müdirligi bilen “Döwrebap maslahat” hususy kärhanasynyň bilelikde guramagynda geçirilen bäsleşik ýurdumyzyň çar künjünden ýaşlaryň 60-a golaýyny bir ýere jemledi.

Bäsleşik iki ugur – howuzda gämileri göni ýüzdürmek we päsgelçiliklerden iň çalt geçirmek hem-de suwuň ýüzündäki topjagazlary toplap, bellenen meýdança ýygnamak boýunça geçirildi.  

Çekeleşikli geçen ýaryşlaryň netijelerine laýyklykda, ýekeleýin geçirilen gämileri göni ýüzdürmek we päsgelçiliklerden iň çalt geçmek ýaryşynda Aşgabat şäheriniň dil derslerini çuňlaşdyryp öwredýän 87-nji ýöriteleşdirilen orta  mekdebiň okuwçysy, Maglumatlar tehnologiýalarynyň Türkmen-hindi merkeziniň diňleyjisi Ýasin Rahmanow 1-nji orna, Aşgabat şäherindäki iňlis dili, himiýa we biologiýa okuw derslerini çuňlaşdyryp öwredýän 86-njy ýöriteleşdirilen orta mekdebiň okuwçylary Orazmuhammet Merdanow bilen Said Annaýew 2-nji  we 3-nji orunlara mynasyp boldular.

Toparlaýyn geçirilen suwdan top toplama ýaryşynda Maglumatlar tehnologiýalarynyň Türkmen-hindi merkeziniň diňleýjileri – Arslanhan Toýjanow, Aşgabat şäheriniň 15-nji orta mekdebiniň okuwçysy Sergeý Apresýan, Aşgabatdaky A.S. Puşkin adyndaky bilelikdäki türkmen-rus mekdebiniň okuwçysy Alihan Akgaýew dagynyň topary 1-nji orna mynasyp boldy.
2-nji orna Balkanabat şäherindäki “Kämil bilim” okuw merkeziniň diňleýjileri – Balkanabat şäherindäki tebigy ugurly derslere ýöriteleşdirilen 21-nji orta mekdebiniň okuwçylary Eldar Hajylyýew, Taňryberdi Gurbanow, Balkanabat şäheriniň iňlis dili, fizika we matematika derslerini çuňlaşdyryp öwredýän ýöriteleşdirilen 22-nji orta mekdebiniň okuwçysy Hajyly Hajylyýew dagydan düzülen topar mynasyp bolmagy başardy.
3-nji orny Maglumatlar tehnologiýalarynyň Türkmen-hindi merkeziniň diňleýjileri – Aşgabat  şäherindäki 18-nji mekdebiň okuwçysy Aýhan Karýagdyýew, Aşgabat şäherindäki iňlis dili, himiýa we biologiýa okuw derslerini çuňlaşdyryp öwredýän 86-njy ýöriteleşdirilen orta mekdebiniň okuwçysy Yhlas Nurmuhammedow we  Aşgabat şäherindäki iňlis dili çuňlaşdyrylyp öwredilýän ýöriteleşdirilen 135-nji orta mekdebiň okuwçysy Ýusup Geldiýew eýeledi.

“Bu bäsleşik robot tehnologiýalary bilen gyzyklanýan zehinli ýaşlary ýüze çykarmaga gönükdirilendir. Ýaryşlaryň birinde tizlik, beýlekisinde takyklyk möhüm bolup durýar. Okuwçylar bu ýerde diňe bir bäsleşmän, eýsem, tomusky dynç alyş döwründe öz ukyp başarnyklaryny kämilleşdirendiklerini görkezdiler hem-de deň-duşlary bilen özara tejribe alyşdylar” diýip, ýaryşyň baş emini Ismaýil Hakimow gürrüň berdi.

Ýeňijilere guramaçylar tarapyndan höweslendiriji baýraklar dabaraly ýagdaýda gowşuryldy.



14.04.2026 14:26
6.1k+

Türkmenistanyň alymlary gowaçanyň täze «Daşoguz-11» we «Daşoguz-12» görnüşlerini synagdan geçirýär

Ylmy-barlag pagtaçylyk institutynyň Daşoguz şahamçasynyň alymlary sebitiň şertlerine uýgunlaşdyrylan gowaçanyň täze görnüşlerini döretmegiň üstünde işleýär. Şu ýyl synag üçin «Daşoguz-11» we «Daşoguz-12»......

03.04.2026 09:34
2k+

TDG döwletleri bilelikdäki emeli hemrany uçurmaga we kosmos hyzmatdaşlygyny giňeltmäge taýýarlanýar

Türki döwletleriň guramasyna (TDG) agza ýurtlar bilelikdäki emeli hemrany älem giňişligine çykarmagy we kosmos ulgamyndaky gatnaşyklary ösdürmegi maslahatlaşýar. Bu meselelere Daşkentde geçirilen işçi toparyň......

06.03.2026 17:29
5.5k+

HNGU-nyň talyp gyzy kükürtden boýag serişdesini almagyň tehnologiýasyny işläp düzdi

Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň talyby Maral Gullyýewa adaty kükürtden boýag serişdelerini almagyň tehnologiýasyny işläp düzdi. Bu oýlap tapyş Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrliginiň Intellektual eýeçilik boýunça döwlet gullugy tarapyndan bellige alyndy...

28.02.2026 13:00
3.6k+

«Türkmenstandartlary» baş döwlet gullugynyň barlaghanalary halkara akkreditasiýadan geçiriler

Türkmenistanda «Türkmenstandartlary» baş döwlet gullugynyň synag barlaghanalaryny halkara akkreditasiýadan tapgyrlaýyn geçirmek meýilleşdirilýär. Bu barada anna güni geçirilen Ministrler Kabinetiniň sanly ulgam arkaly nobatdaky mejlisiniň dowamynda Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary H...