Dueýn Jonsonyň filme düşmäge gijä galyp gelmegi Amazona 50 million dollar artykmaç çykdajy getirdi

  • 02.05.2024 16:04
  • 20k+

Amerikaly aktýor “Gaýa” lakamly Dueýn Jonson Amazon MGM studiýasyna millionlarça dollar ýitgi çekdirdi. TheWrap portalynyň habar bermegine görä, aktýor  “Gyzyl” (“Red One”) atly roždestwo komediýasynyň surata düşürilişine yzygiderli gijä galyp gelmegi filmiň ilkinji görkezilişiniň 2023-nji ýylyň ahyryndan 2024-nji ýylyň noýabr aýyna çenli yza süýşürilmegine sebäp boldy.

Çeşmeleriň berýän maglumatlaryna görä, Jonson işine ýedi-sekiz sagat gijä galyp gelmek bilen,  tutuş surata düşüriş toparyny garaşdyryp, olaryň iş tertibini öz şahsy meýilnamasyna görä üýtgedipdir.
Jonsonyň gijä galmak edehädi barada ilkinji gezek gürrüň edilmeýändigini  bellemelidiris. Mundan ozal habar beriş serişdeleri “Gyzyl habarnama”-nyň surata düşürilişinde hem edil şunuň ýaly ýagdaýyň kärdeşi Raýan Reynoldsyň gaharyny getirendigini ýazypdylar.
"Gyzyl" alnyp gaçylan Santa-Klausy tapmak tabşyrylan ýörite güýçleriň iki sany ofiseri barada gürrüň berýär. Filmde Kris Ewans, J.K. Simmons, Lýusi Lýu, Kirnan Şipka we beýlekiler surata düşýärler.
Ilkinji görkezilişi 2024-nji ýylyň 15-nji noýabryna meýilleşdirildi.


düýn 11:31
1.6k+

Tarantino bilen aýdymçy Kaýli Minoug bir filmde oýnar

Amerikan režissýory Kwentin Tarantino britaniýaly režissýor Jeými Adamsyň täze filminde surata düşer. Awstraliýaly aýdymçy Kaýli Minoug hem şol filmde oýnar diýip, Variety neşiri habar berýär....

26.06.2026 23:58
1.8k+

Illumination studiýasy «Zweropoý» we «Öý haýwanlarynyň gizlin durmuşy» filmleriniň täze bölümlerini taýýarlaýar

«Illumination» studiýasy «Zweropoý 3» (Sing 3) we «Öý haýwanlarynyň gizlin durmuşy 3» (Тайная жизнь домашних животных 3) animasion filmlerini işläp düzmäge başlady. Bu barada kompaniýanyň ýolbaşçysy Kris......

26.06.2026 21:03
16k+

Londonyň üstünden ägirt aždarha uçup geçdi

HBO kompaniýasy «Aždarhanyň öýi» (House of the Dragon / Дом Дракона) serialynyň üçünji möwsüminiň premýerasynyň öňüsyrasynda Londonyň Tauer galasynyň üstünden mehaniki aždarhany uçurdy....

25.06.2026 14:57
1.1k+

Google kino älemine ilkinji gezek maýa goýup, «A24» studiýasynyň paýyny satyn alýar

Google tehnologiýa ägirdi we "A24" meşhur garaşsyz kino studiýasy strategik hyzmatdaşlyk barada ylalaşyk baglaşandyklaryny resmi taýdan yglan etdiler....