Philips kemçilikli uky enjamy üçin müşderilerine 1,1 milliard dollar tölär

  • 01.05.2024 18:18
  • 6.3k+

Niderlandlaryň lukmançylyk enjamlaryny öndürýän Philips kompaniýasy ABŞ-da saglyga zyýan ýetirmekde nägileligini bildiren ýüzlerçe adamyň talap-arzasyny kanagatlandyrmak üçin 1,1 milliard dollar sarp etjekdigini habar berdi. Arzalar häzirki wagtda bütin dünýäde yzyna gaýtarylyp alynýan, uky apnoesini bejermeklige niýetlenen kemçilikli enjamlar bilen baglydyr diýip, Waşington Post gazetine salgylanýan RG.ru habar berýär.

Kompaniýa günäni boýun almady, ýöne talapçylar bilen ylalaşyk gazandy. Maliýe serişdeleriniň bir bölegi bu enjamlary ulanmak bilen töwekgelçilige uçran hassalaryň talaplarynyň öwezini dolmaklyga gönükdiriler.
2021-nji ýyldan başlap Philips 5 milliondan gowrak enjamy yzyna çagyrdy, munuň sebäbi wagtyň geçmegi bilen dargap biljek köpügiň zyýanly ownuk bölejikleri we bugy ulanyjy uklap ýatyrka onuň dem alyş ýollaryna düşüp biler. Enjamlary bejermekde we çalyşmakda gijä galynmagy hassalaryň we düzgünleşdiriji edaralaryň arasynda nägileligiň döremegine sebäp boldy.
Amerikanyň Birleşen Ştatlary bilen baglaşylan şertnama taryhda lukmançylyk enjamlaryny iň uly  yzyna çagyryş bilen bagly meseläni çözmek üçin ädilen ýene bir ädimdir. Şu aýyň başynda Philips ABŞ-yň hökümeti bilen uky apnoe maşynlarynyň önümçiligini üýtgetmegi wada berip, şertnama baglaşdy. Şeýle hem şertnama kompaniýadan näsaglaryň yzyna gaýtaran enjamlaryny çalşyp bermegi ýa-da öwezini dolmagy talap edýär.
ABŞ-nyň Azyk önümleri we derman serişdeleri müdirligi (FDA) köpük bölejiklerinden dem almagyň kelleagyra, demgysma, allergiki täsirlere we saglyk bilen ýagly beýleki kynçylyklara sebäp bolup biljekdigini duýdurdy.


düýn 19:53
1.5k+

Google gurluşykçy we elektrik hünärleri okuwyna $50 mln gönükdirmekçi

Google kompaniýasy «Google.org» gaznasy arkaly ABŞ-nyň 20-den gowrak ştatynda işçi hünärleri boýunça okuw maksatnamalaryna 50 million dollar gönükdirer. Kompaniýa bu taslamanyň çäginde 300 müňden gowrak......

17.06.2026 11:24
6.6k+

Türkmenistanda diňe ene süýdi bilen iýmitlendirmegi goldamak boýunça kampaniýa başlandy

Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi, Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasy hem-de ÝUNISEF çagalary ömrüniň......

15.06.2026 12:34
1.6k+

Paramount-yň Warner Bros.Discovery-ny satyn almagyna ýene bir böwet aradan aýryldy

ABŞ-nyň Adalat ministrligi Paramount Skydance kompaniýasy tarapyndan Warner Bros. Discovery-ny satyn almak boýunça 111 milliard dollarlyk şertnamany makullady....

13.06.2026 09:33
10k+

Eger ABŞ DÇ-2026-da ýeňiji bolsa, Jeep 100 sany wnedorožnigi sowgat berer. Emma birje ýönesi bar...

Amerikanyň Jeep brendi Futbol boýunça dünýä çempionatynyň şanyna adaty bolmadyk watançylyk mahabat kampaniýasyny başlady. Kompaniýa eger ABŞ-nyň topary çempionatda ýeňiş gazansa, 100 sany Jeep Wrangler......