Jo Baýden öz ýatlamalaryny neşir etmek hukugy 10 million dollara satdy

  • 28.07.2025 17:40
  • 7.3k+

ABŞ-nyň ozalky Prezidenti Jo Baýden öz ýatlamalaryny çap etmek hukugy Hachette Book Group neşirýatyna 10 million dollara satdy. Bu barada çeşmelerine salgylanýan The Wall Street Journal habar berdi.

Bu şertnama Creative Artists Agency (CAA) tarapyndan araçylyk edildi. Hachette-niň düzümine girýän Little, Brown & Co. neşirýaty entek kitabyň çykjak senesini yglan etmedi.
Ondan öň, 2017-nji ýylda Barak we Mişel Obamalaryň ýatlamasy 60 million dollara, Bill Klintonyň “Meniň durmuşym” atly terjimehaly 2004-nji ýylda 15 million dollara satyldy. CAA 2017-2020-nji ýyllar aralygynda Baýdene 2015-nji ýylda ogly Bo Baýden beýni çişinden ýogalandan soň başdan geçiren hasratlary hakdaky “Söz ber maňa, kaka: umytlaryň, synaglaryň we maksatlaryň ýyly” (“Обещай мне, папа: год надежды, испытаний и цели”) atly kitabyny çykarmaga kömek edipdi.
2025-nji ýylyň fewral aýynda Baýdeniň Prezidentligi barada başga bir kitap CNN-iň žurnalisti Jeýk Tepper we Axios-iň žurnalisti Aleks Tompson tarapyndan ýazyldy. Kitap "Ilkinji günä: Prezident Baýdeniň pese gaçmagy, onuň il gözünden gizlenmegi we gaýtadan dalaşgär bolmak barada gelen aýylganç karary" («Первородный грех: угасание президента Байдена, его сокрытие и катастрофическое решение баллотироваться еще раз») ady bilen çykdy.


düýn 09:33
7.5k+

Eger ABŞ DÇ-2026-da ýeňiji bolsa, Jeep 100 sany wnedorožnigi sowgat berer. Emma birje ýönesi bar...

Amerikanyň Jeep brendi Futbol boýunça dünýä çempionatynyň şanyna adaty bolmadyk watançylyk mahabat kampaniýasyny başlady. Kompaniýa eger ABŞ-nyň topary çempionatda ýeňiş gazansa, 100 sany Jeep Wrangler......

10.06.2026 16:26
5.9k+

ABŞ-nyň kazyýeti iş wizalary üçin 100 müň dollarlyk tölegi ýatyrdy

ABŞ-nyň federal kazyýeti prezident Donald Trampyň administrasiýasy tarapyndan H-1B wizalaryny almak üçin arza berilende girizilen 100 müň dollarlyk mejbury tölegi kanunalaýyk däl diýip ykrar etdi. Bu barada......

09.06.2026 08:03
16k+

Kazyýet işi Ak tamyň ýanynda geçirilmeli UFC ýaryşyny howp astynda goýdy

UFC ýaryşynyň geçirilmegine bir hepde galanda, ABŞ-nyň harby güýçleriniň weteranlaryny hem öz içine alýan bir topar raýat bu çäräni gadagan etmegi talap edip, käzyýete ýüz tutdular....

04.06.2026 23:16
5.1k+

ABŞ-nyň kazyýeti iň uly atmosfera barlaglary merkeziniň başga operatora geçirilmegini gadagan etdi

ABŞ-nyň Federal kazyýeti döwlet edaralarynyň amala aşyrýan çäreleriniň kanunylygyny şübhe astyna alyp, ABŞ-nyň Atmosfera barlaglary boýunça milli merkeziniň (NCAR) superkompýuter merkezini başga bir operatora......