ABŞ-da Uber zenanlara aýal sürüjileri saýlamaga mümkinçilik berer

  • 26.07.2025 11:57
  • 4.1k+

Uber kompaniýasy 2025-nji ýylyň awgustyndan ABŞ-da zenan ýolagçylara aýal sürüjileri saýlamaga mümkinçilik berýän synag funksiýasyny işe girizer. Bu barada CNBC habar berýär.

Hyzmat Los-Anjeles, San-Fransisko we Detroýt şäherlerinde elýeterli bolar. Zenanlar programmada ugur sargyt edenlerinde, awtomobiliň ekonom, komfort ýa-da Black ýaly saýlanan kategoriýasyna garamazdan, öz isleglerini görkezip biler. Erkekler üçin bu funksiýa elýeterli däl.
Zenan sürüjiler hem zenan ýolagçylara hyzmat etmek isleýändigini görkezip biler. Uber saýlanandan soň zenan sürüjiniň geljekdigini kepillendirmeýändigini, ýöne saýlawyň netijesinde şeýle ähtimallygyň ep-esli ýokarlanýandygyny belleýär.
Kompaniýanyň aýtmagyna görä, täze funksiýa ýolagçylar hem-de zenan sürüjiler üçin howpsuzlygy we rahatlygy ýokarlandyrmaga gönükdirildi. Uber ozal şeýle mümkinçiligi Fransiýada, Germaniýada we Argentinada synap gördi.
2019-njy ýylda Uber şeýle hyzmaty Saud Arabystanynda – aýal-gyzlar sürmäge hukuk gazanandan soň girizdi. Soňra programma 40 töweregi ýurda ýaýradyldy.
Kompaniýanyň 2015-nji ýylda geçirilen içki pikir soraşmasyna görä, Uber-iň amerikan sürüjileriniň, takmynan, 20%-i ýa-da bäşden biri zenanlardy. Soňky ýyllarda platforma howpsuzlygy ýokarlandyrmak üçin birnäçe funksiýalary, şol sanda ýolagçylary barlamak üçin pin-kodlary we ýetginjekler üçin aýratyn akkauntlary girizdi. 


düýn 13:01
5.7k+

Futbol boýunça dünýä çempionatynyň açylyş dabarasynda Keti Perri, Future, Lisa we J Balvin çykyş eder

2026-njy ýylda geçiriljek futbol boýunça Dünýä çempionatynyň guramaçylary ABŞ-da boljak dabara gatnaşjak artistleriň resmi sanawyny yglan etdiler. Kaliforniýadaky dabaranyň esasy ýyldyzlary Keti Perri (Katy......

18.05.2026 14:49
3.9k+

Nýu-Jerside DÇ-2026-nyň öňüsyrasynda bir köçä Messiniň ady dakyldy

Berkli-Haýts şäherçesindäki (Nýu-Jersi ştaty) Şerman-awenýu köçesiniň bir bölegine wagtlaýyn «Lionel Messi ýoly» ady berildi. Ýerli häkimiýetleriň aýtmagyna görä, bu köçäniň adynyň hemişelik üýtgedilmegi......

18.05.2026 14:48
3.7k+

Tehasda ilkinji gezek maglumat merkezleriniň gurluşygyna wagtlaýyn gadagançylyk girizildi

Tehas ştatynyň Hill okrugynyň ygtyýarlylar geňeşi oba ýerlerinde maglumat merkezleriniň gurluşygyny bir ýyl möhlet bilen togtatmak baradaky karary goldap ses berdi. Bu karar ştatyň taryhynda şeýle görnüşdäki......

16.05.2026 11:20
4k+

Stiw Jobs hümmeti 1 dollar bolan täze teňňäniň ýüzi boldy

ABŞ-nyň Zikgehanasy Apple kompaniýasynyň esaslandyryjylarynyň biri Stiw Jobsa bagyşlanan, hümmeti 1 dollar bolan ýadygärlik teňňesini resmi taýdan satuwa çykardy. Bu teňňe barada geçen ýyl yglan edilipdi....