Türkmenabatda Türkmen-özbek hökümetara toparynyň mejlisi geçirildi

  • 01.05.2024 12:14
  • 81k+

30-njy aprelde Lebap welaýatynyň edara ediş merkezinde Suw hojalyk meseleleri boýunça bilelikdäki türkmen-özbek hökümetara toparynyň nobatdaky mejlisi geçirildi. Oňa iki goňşy ýurduň döwlet düzümleriniň birnäçesiniň ýolbaşçylary we wekilleri gatnaşdylar.

Mejlisiň gün tertibine ozal gazanylan ylalaşyklary durmuşa geçirmek, hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlaryny kesgitlemek bilen bagly meseleler girizildi.
Toparyň başlyklary duşuşygy açyp, deňhukuklylyk, hoşniýetli goňşuçylyk, ynanyşmak, özara bähbitlilik ýörelgeleri esasynda ösdürilýän türkmen-özbek gatnaşyklarynyň ýokary derejesini kanagatlanma bilen nygtadylar.
Taraplar ileri tutulýan ugurlarda özara gatnaşyklaryň okgunly ösýändigini nygtap, oba we suw hojalygy pudagynda netijeli hyzmatdaşlygy dowam etdirmäge taýýardyklaryny tassykladylar. Şunda suw serişdelerini rejeli ulanmak meselelerine aýratyn üns berildi. Bar bolan mümkinçiliklerden peýdalanmakda tagallalaryň birleşdirilmegi türkmen-özbek hyzmatdaşlygyny hil taýdan täze many-mazmun bilen baýlaşdyrmaga şert döreder.
Duşuşyga gatnaşyjylar ikitaraplaýyn geňeşmeleriň yzygiderli geçirilmeginiň zerurdygyna ünsi çekip, iki ýurduň we olaryň doganlyk halklarynyň bähbidine netijeli gatnaşyklary mundan beýläk-de pugtalandyrmagyň zerurdygyny nygtadylar.


düýn 19:38
3.2k+

Raşid Meredow ukrain diplomatlary bilen duşuşdy

25-nji iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Ukrainanyň daşary işler ministriniň orunbasary Oleksandr Mişenko we Ukrainanyň Daşary işler ministrliginiň Merkezi Aziýa ýurtlary bilen......

düýn 19:26
1.3k+

Daşary işler ministrleriniň orunbasarlary derejesinde türkmen-ukrain syýasy geňeşmeleri geçirildi

25-nji iýunda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde daşary işler ministrleriniň orunbasarlarynyň derejesinde türkmen-ukrain syýasy geňeşmeleri geçirildi. Bu barada ministrligiň metbugat gullugy habar......

26.06.2026 20:55
2.8k+

Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» ýubileý medaly bilen sylaglandy

25-nji iýunda Tokioda, Ýaponiýanyň Parlamentiniň binasynda Ýapon-Türkmen Parlamentara Dostluk toparynyň ozalky başlygy Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» atly ýubileý medalyny we......

25.06.2026 19:25
1.3k+

Astanada türkmen-gazak ykdysady hyzmatdaşlygynyň täze ugurlary kesgitlenildi

24-nji iýunda Astana şäherinde Türkmenistan bilen Gazagystan Respublikasynyň arasynda Ykdysady, ylmy-tehniki we medeni hyzmatdaşlyk boýunça Bilelikdäki hökümetara türkmen-gazak toparynyň nobatdaky mejlisi......