Üýtgeşik rekord: erkek adam agaçlary gujaklap Ginnesiň kitabyna girdi

  • 01.05.2024 11:04
  • 32k+

Ganadan 29 ýaşly ekoaktiwist Abubakar Tahiru bir sagatda gujaklan agaçlarynyň sany boýunça dünýä rekordyny goýdy. Onuň üstünligi 60 minutda 1123 agaja barabar diýlip, Ginnesiň kitabynda habar berilýär. Ol ortaça minutda 19 agaç gujaklady.

Tahiru şeýle rekordy goýan ilkinji adamdyr. Ol üstünligi hasaba almak üçin kesgitlenen 700 agaç belliginden aňsatlyk bilen geçdi. Ol öz rekordyny “ekoulgamymyzda agaçlaryň möhüm roluny we daşky gurşawy goramak boýunça çäreleriň derwaýysdygyny görkezmek üçin peýdaly hereket” diýip atlandyrdy.
Rekord “Taskji” (Alabama, ABŞ) milli goraghanasynda hasaba alyndy. Synanyşyk agaç iki el bilen berk gujaklanan ýagdaýynda hasaba alynýar. Ösümligi iki gezek gujaklamak bolmaýar. Agaja zeper ýeten ýagdaýynda synanyşyk göz öňünde tutulmaýar.
Tahiru Ganadaky fermer jemagatynda önüp-ösdi. Ol öz ýurdunyň iň gowy uniwersitetleriniň birinde “tokaý hojalygy” hünäri boýunça okady. Geçen ýyl Obern uniwersitetinde okuwyny dowam etdirmek üçin ABŞ-a göçdi.


11.06.2026 10:59
7k+

Çarli Çapline meňzeşleriň 400-den gowragy rekord goýmak üçin Şweýsariýa ýygnandy

Beýik aktýora iň köp meňzeşleriň ýygnanyşygy boýunça dünýä rekordyny täzelemek üçin 400-den gowrak kişi Çarli Çapliniň meşhur sergezdan keşbine girip, Şweýsariýada jemlendi....

08.06.2026 18:02
5k+

Las-Wegasda düşek örtgülerinden iň uly gala guruldy

Las-Wegasda mekdep okuwçylary we ýerli ýaşaýjylar düşek örtgülerini ulanmak arkaly dünýäde iň uly galany (fort) gurdy. Bu netije resmi taýdan Ginnesiň rekordlar kitabyna girizildi....

08.06.2026 12:39
6.9k+

Taýwanda boýy 27 gatly jaýa deňeçer Gündogar Aziýanyň iň belent agajy tapyldy

Alymlar Gündogar Aziýanyň iň belent agajynyň nirede ýerleşýändigini anyklamagy başardylar. «Asman gylyjy» diýen ady alan bu agajyň boýy 84,1 metre ýetýär. Munuň özi 27 gatly binanyň belentligi bilen deňdir....

08.06.2026 08:03
5.2k+

Nemes türgeni 367 günde 367 marafon geçdi: zenan bir ýyldan gowrak wagt bäri ylgap ýör

Nemes türgeni Joýs Hýubner yzly-yzyna 367 günüň dowamynda 367 marafon geçip, bu ugurda dünýäde şeýle netije görkezen ilkinji zenan boldy. Bu täsin üstünlik barada Germaniýanyň Spiegel neşiri habar berýär....