Altyn gazyp çykarýan bakteriýalar: Alymlar altyn çykarmagyň täze usulyny oýlap tapdylar

  • 30.04.2024 12:14
  • 15k+

Alymlar bakteriýalaryň kömegi bilen altyn çykarmagyň usulyny oýlap tapdylar. Täze usul Sibir Federal Uniwersitetiniň (SFU, Krasnoýarsk) we Demirgazyk-Gündogar Federal Uniwersitetiniň (DGFU, Ýakutsk) alymlary tarapyndan Russiýanyň Ylymlar akademiýasynyň Sibir bölümi bilen bilelikde işlenip düzüldi diýip, TASS habar berýär.

Gözlegiň awtorlarynyň sözlerine görä, bu usul agressiw himiki serişdeleri ulanmaga esaslanýan adaty usullar bilen deňeşdirilende, ekologiýa taýdan arassa we tygşytlydyr.
Bu usulda ulanylýan adaty bolmadyk bakteriýalar Krasnoýarsk sebitiniň altyn ýataklarynda tapyldy. Olar magdan käni birinji gezek gaýtadan işlenenden soň alnan köpçülikleýin konsentratdan altyn we surma mineral galyndylaryny çykarmaga ukyply.
Häzirki wagtda alymlar ezilen magdanlaryň we suwuň garyndysyndan ybarat gurşawda işläp bilýän bakteriýalaryň iň amatly ştamlaryny saýlaýarlar we ösdürýärler.


düýn 10:53
1.6k+

Pagta süýjüsinden hem ýeňil: NASA aşa ýeňil bolan iki ekzoplanetany açdy

NASA-nyň TESS kosmos obserwatoriýasy ýerdäki teleskoplar bilen bilelikde dykyzlygy adatdan daşary pes bolan iki sany ekzoplanetany ýüze çykardy. Olar bir ulgamda ýerleşip, özara orbital täsirler arkaly......

düýn 09:54
4k+

Alymlar: ýaşlar häzirki wagtda öňkä garanyňda has çalt garraýar

Nature Medicine žurnalynda çap edilen täze gözleg häzirki ýaş nesliň özlerinden öňki nesillere garanyňda, şol bir ýaşda has ýokary biologiki ýaşda bolup biljekdigini görkezdi....

26.06.2026 23:37
4.2k+

Alymlar Ýerdäki iň gadymy krateriň ýaşyny takyklady

Kertin uniwersitetiniň we Günbatar Awstraliýanyň Geologik gullugynyň alymlary Ýerde mälim bolan iň gadymy krateriň ýaşynyň, takmynan, 3 milliard ýyla deňdigi baradaky netijä geldi. Bu ylmy işiň netijeleri......

26.06.2026 15:40
2k+

Jeýms Webb «GJ504b» ekzoplanetasynyň üýtgeşik gülgüne reňkiniň sebäbini düşündirdi

«Jeýms Webb» kosmos teleskopy Ýerden, takmynan, 57 ýagtylyk ýyly uzaklygynda ýerleşýän «GJ504b» ekzoplanetasynyň geň galdyryjy gülgüne reňke eýe bolmagynyň sebäbini anyklamaga kömek etdi....