Serdar Berdimuhamedow welaýatlaryň häkimleri bilen iş maslahatyny geçirdi

  • 29.04.2024 23:22
  • 10k+

29-njy aprelde Prezident Serdar Berdimuhamedow oba hojalyk pudagyna gözegçilik edýän wise-premýer T.Atahallyýewiň hem-de welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi. Onda ýurdumyzyň oba hojalyk toplumynda we sebitlerde alnyp barylýan möwsümleýin işleriň barşy bilen bagly meselelere garaldy.

Maslahatyň barşynda welaýat häkimleri we wise-premýer T.Atahallyýew ýurdumyzda dowam edýän möwsümleýin oba hojalyk işleriniň barşy barada hasabat berdiler.
Bellenilişi ýaly, ýurdumyzyň ekerançylyk meýdanlarynda pagtaçy babadaýhanlarymyz tarapyndan gowaça ekişi alnyp barylýar.
Welaýatlaryň bugdaý ekilen meýdanlarynda ideg etmek işleri dowam edýär.
Şunuň bilen birlikde, ýurdumyzda ýeralmanyň we beýleki gök-bakja ekinleriniň öndürilýän möçberlerini artdyrmak, bu önümler bilen ilatymyzy bolelin üpjün etmek boýunça öňde goýlan wezipelerden ugur alnyp, welaýatlaryň ekerançylyk meýdanlarynda ýazlyk ekinlerini ekmek hem-de bu ekinlere agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda ideg etmek işleri dowam etdirilýär. 
Ýurdumyzda piläniň öndürilişini artdyrmak we bu möwsümi guramaçylykly geçirmek üçin häzirki wagtda welaýatlarda pile öndürijiler tarapyndan ýüpek gurçugyna ideg etmek işleri alnyp barylýar. 
Serdar Berdimuhamedow hasabatlary diňläp, ýurdumyzyň ekerançylyk meýdanlarynda dowam edýän möwsümleýin oba hojalyk işleriniň, hususan-da,  gowaça ekişiniň, bugdaýa we ýazlyk ekinlere ideg işleriniň agrotehniki möhletlerde we talabalaýyk ýerine ýetirilmeginiň möhüm wezipe bolup durýandygyny belledi we bu ugurda alnyp barylýan işleri berk gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.
Şeýle hem iş maslahatynyň dowamynda ýazlyk ekinlere ideg işleriniň agrotehnikanyň kadalaryny berk berjaý etmek arkaly ýerine ýetirilmegini üpjün etmek babatda birnäçe görkezmeler berildi.


düýn 19:38
3k+

Raşid Meredow ukrain diplomatlary bilen duşuşdy

25-nji iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Ukrainanyň daşary işler ministriniň orunbasary Oleksandr Mişenko we Ukrainanyň Daşary işler ministrliginiň Merkezi Aziýa ýurtlary bilen......

düýn 19:26
1.2k+

Daşary işler ministrleriniň orunbasarlary derejesinde türkmen-ukrain syýasy geňeşmeleri geçirildi

25-nji iýunda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde daşary işler ministrleriniň orunbasarlarynyň derejesinde türkmen-ukrain syýasy geňeşmeleri geçirildi. Bu barada ministrligiň metbugat gullugy habar......

26.06.2026 20:55
2.8k+

Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» ýubileý medaly bilen sylaglandy

25-nji iýunda Tokioda, Ýaponiýanyň Parlamentiniň binasynda Ýapon-Türkmen Parlamentara Dostluk toparynyň ozalky başlygy Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» atly ýubileý medalyny we......

25.06.2026 19:25
1.3k+

Astanada türkmen-gazak ykdysady hyzmatdaşlygynyň täze ugurlary kesgitlenildi

24-nji iýunda Astana şäherinde Türkmenistan bilen Gazagystan Respublikasynyň arasynda Ykdysady, ylmy-tehniki we medeni hyzmatdaşlyk boýunça Bilelikdäki hökümetara türkmen-gazak toparynyň nobatdaky mejlisi......