Ýerdäki iň gurak çöl bolan Atakamanyň astynda gizlin ekoulgam tapyldy

  • 29.04.2024 13:36
  • 14k+

Ýerdäki iň gurak we jansyz çöl hökmünde tanalýan Çiliniň Atakama çölünde alymlar dört metre çenli çuňlukda ýaşaýan bakteriýalaryň gizlin ekoulgamyny tapdylar.

PNAS Nexus žurnalynda neşir edilen bu gözleg zyýan ýetmedik öýjüklerden DNK çykarmagyň täze usuly arkaly mümkin boldy. Topragyň nusgalarynyň seljermesi bu gizlin dünýäniň ýokarky gatlaklarynda Firmicutes bakteriýalarynyň, 200 sm-den aşakda bolsa aktinobakteriýalaryň agdyklyk edýändigini görkezdi.
Alymlar olaryň 19 müň ýyl ozal guran kölüň (plaýýa) gatlaklarynyň aşagynda ölüp galan mikroorganizmler bolmagynyň mümkindigini çaklaýarlar.
Gözlegçiler bakteriýalaryň gipsi suw çeşmesi hökmünde ulanyp, aşa gurak şertlerde olara ýaşamaga mümkinçilik döredip biljekdigini çaklaýarlar. Bu çölde birnäçe onýyllykdan bir gezek ýagyş ýagýar.
Atakamanyň ýerasty ekoulgamynyň tapylmagy diňe bir Ýeriň biodürlüligi baradaky düşünjämizi giňeltmek bilen çäklenmän, beýleki planetalarda, esasanam Marsda ýaşaýyşyň mümkindigi bilen bagly möhüm sowallary ör boýuna galdyrýar.


düýn 10:53
1.6k+

Pagta süýjüsinden hem ýeňil: NASA aşa ýeňil bolan iki ekzoplanetany açdy

NASA-nyň TESS kosmos obserwatoriýasy ýerdäki teleskoplar bilen bilelikde dykyzlygy adatdan daşary pes bolan iki sany ekzoplanetany ýüze çykardy. Olar bir ulgamda ýerleşip, özara orbital täsirler arkaly......

düýn 09:54
3.9k+

Alymlar: ýaşlar häzirki wagtda öňkä garanyňda has çalt garraýar

Nature Medicine žurnalynda çap edilen täze gözleg häzirki ýaş nesliň özlerinden öňki nesillere garanyňda, şol bir ýaşda has ýokary biologiki ýaşda bolup biljekdigini görkezdi....

26.06.2026 23:37
4.1k+

Alymlar Ýerdäki iň gadymy krateriň ýaşyny takyklady

Kertin uniwersitetiniň we Günbatar Awstraliýanyň Geologik gullugynyň alymlary Ýerde mälim bolan iň gadymy krateriň ýaşynyň, takmynan, 3 milliard ýyla deňdigi baradaky netijä geldi. Bu ylmy işiň netijeleri......

26.06.2026 15:40
2k+

Jeýms Webb «GJ504b» ekzoplanetasynyň üýtgeşik gülgüne reňkiniň sebäbini düşündirdi

«Jeýms Webb» kosmos teleskopy Ýerden, takmynan, 57 ýagtylyk ýyly uzaklygynda ýerleşýän «GJ504b» ekzoplanetasynyň geň galdyryjy gülgüne reňke eýe bolmagynyň sebäbini anyklamaga kömek etdi....