Tesla-nyň Optimus robotlary ýakynda zawodlarda işläp başlar, soňra bolsa satuwa çykar

  • 28.04.2024 10:49
  • 7.8k+

Tesla-nyň 2024-nji ýylyň birinji çärýegindäki netijeleri çap edilenden soň, kompaniýanyň ýolbaşçysy Ilon Mask Optimus gumanoid roboty bilen bagly täzelik  barada habar berdi. Robotyň prototipleri Tesla-nyň laboratoriýasynda eýýäm dürli işleri ýerine ýetirýär we ýylyň ahyryna çenli bolsa olar kompaniýanyň zawodlarynda hakyky önümçilige gatnaşarlar diýip, Electrek -e salgylanýan iXBT habar berýär.

Şeýle hem Mask Teslanyň Optimus-y 2025-nji ýyla çenli üçünji tarap müşderilere satyp başlamak baradaky ägirt uly meýilnamalaryny yglan etdi. Robotyň bahasynyň 25 müň dollardan aşakda bolmagyna garaşylýar.
Ýeri gelende aýtsak, Optimus Tesla tarapyndan işlenip düzülen umumy maksatly gumanoid robotdyr. Ol howply, içgysgynç we gaýtalanýan wezipeleri öz içine almak bilen, dürli meseleleri ýerine ýetirmäge ukyply. Kompaniýanyň baş direktory şeýle robotlaryň köpçülikleýin önüme öwrüljekdigine we onuň söwdasynyň soňlugy bilen Teslanyň iň uly girdeji çeşmesine öwrüljekdigine ynanýar.
Mask gumanoid robotlaryň bazarynyň 10 ýa-da 20 milliard birlige ýetmegine garaşýar, bu bolsa olaryň sanynyň dünýäniň ilat sanyndan ep-esli köp bolup biljekdigini aňladýar.


şu gün 10:51
307

OpenAI özüniň ilkinji «Jalapeno» EA-çibini synagdan geçirip başlady

OpenAI kompaniýasy eýýäm öwredilen emeli aň modellerini işletmek üçin niýetlenen «Jalapeno» atly ýöriteleşdirilen çibiniň ilkinji nusgalarynyň taýýardygyny we ony synagdan geçirip başlandygyny mälim etdi.......

24.06.2026 23:26
2.9k+

Meta ilkinji gezek öz brendi bilen «akylly» äýnekleri hödürledi

Meta kompaniýasy EssilorLuxottica (Ray-Ban, Oakley we beýleki brendleriň eýesi) bilen bilelikde döreden Meta Glasses «akylly» äýneklerini görkezdi. «Bloomberg» agentliginiň bellemegine görä, kompaniýa şeýle......

23.06.2026 18:51
6.1k+

Täze Honor X80 Pro Max smartfony çykyp-çykmanka Ginnesiň rekordlar kitabyna girdi

Honor kompaniýasy sygymy 11 000 mA/sag bolan akkumulýator bilen üpjün edilen X80 Pro Max smartfonyny resmi taýdan hödürledi. Şeýle uly göwrümli batareýasy sebäpli, gurluş entek çykyp ýetişmänkä «smartfonyň......

20.06.2026 09:37
2.2k+

99,9% takyklyk: «Helios» kwant kompýuteri täze dünýä rekordyny goýdy

Sandia kompaniýasynyň amerikan hünärmenleri 98 kwbitlik täze «Helios» kwant kompýuterini görkezdiler. Enjam bazarda elýeterli bolan ähli täjirçilik gurluşlarynyň arasynda hasaplamalaryň takyklygy boýunça......