Türkmenistanyň ýokary synp okuwçylarynyň arasynda innowasion taslamalaryň bäsleşigi geçirilýär

  • 27.04.2024 23:20
  • 6.2k+

Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Tehnologiýalar merkeziniň açylan gününiň on ýyllygy mynasybetli, TYA-nyň Tehnologiýalar merkezi we Türkmenistanyň Bilim ministrligi bilen bilelikde ýurdumyzyň 10-11-nji synp okuwçylarynyň arasynda «Ýaş innowatorlar» atly döredijilik işleriň bäsleşigi yglan edildi diýip, "Türkmenistan: Altyn asyr" elektron neşiri habar berýär.

Bäsleşigiň maksady - ýaşlaryň innowasion tehnologiýalara gyzyklanmasyny artdyrmak, zehinli we döredijilikli pikir ýöredýän okuwçylary ýüze çykarmak hem höweslendirmek.
Bäsleşik işleri bäş mowzuk boýunça kabul edilýär:

  • – Himiýa, ekologiýa;
  • – Fizika, energetika;
  • – Biologiýa, oba hojalygy, lukmançylyk we sagdyn durmuş;
  • – Maglumat tehnologiýalary, matematika;
  • – Tehnologiýalar we tehniki döredijilik.

Bäsleşik üç tapgyrda geçirilýär – etrap (şäher), welaýat we Aşgabat hem Arkadag şäherleri derejesinde we jemleýji ýaryş. Bäsleşigiň etrap (şäher) tapgyry 2024-nji ýylyň 6-njy maýynda, Aşgabat we Arkadag şäherlerini goşmak bilen, welaýat tapgyry 2024-nji ýylyň 20-nji maýynda, jemleýji ýaryş bolsa 2024-nji ýylyň 10-njy iýunynda geçiriler. Bäsleşigiň ilkinji iki tapgyryny degişli bilim müdirlikleri, jemleýji ýaryşy bolsa TYA-nyň Tehnologiýalar merkeziniň we Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň bilelikdäki buýrugy bilen döredilen guramaçylyk komiteti hem eminler topary geçirer.
Bäsleşigiň jemleýji ýaryşyna her welaýatdan, Aşgabat we Arkadag şäherlerinden her mowzuk boýunça ilkinji üç ýeri alan 15 iş gatnaşar. Döredijilik işleri bir ýa-da iki ýokary synp okuwçysy tarapyndan ýerine ýetirilip bilner. Her mowzuk boýunça bäsleşigiň emin topary bir birinji, iki ikinji we üç üçünji ýer berýär.
Bäsleşige gatnaşýanlar, etraplarda, welaýatlarda, Aşgabat we Arkadag şäherlerinde geçen ýaryşlar tapgyrynda I, II we III ýerleri alanlar birinji, ikinji we üçünji derejeli diplom alarlar. Jemleýji ýaryşyň ýeňijileri TYA-nyň Tehnologiýalar merkeziniň we Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň birinji, ikinji we üçünji derejeli diplomlary we gymmat bahaly sowgatlary bilen sylaglanarlar.


düýn 19:55
3.6k+

Günde bolup geçen ýokary derejeli X partlamasy Ýerde magnit tupanlaryny güýçlendirer

3-nji iýunda Günde birnäçe güýçli partlama bolup gecdi, şondan soň birnäçe plazma buludy Ýere tarap ugur aldy. Alymlar olaryň özara täsiriniň planetanyň magnitosferasyna güýçli täsir edip biljekdigini......

düýn 18:07
4.4k+

Özbegistanda tapylan gadymy çaga kelleçanagynda operasiýa yzy ýüze çykaryldy

Özbegistanly we italiýaly alymlar gadymy gonamçylykda kelleçanagy deşilen bäş ýaşly çaganyň galyndylaryny tapdylar. Barlagçylar bu operasiýany Merkezi Aziýanyň çäginde mälim bolan iň gadymy, şeýle-de tutuş......

02.06.2026 12:47
5.7k+

Ýere azyndan 20 asteroid "assyrynlyk bilen" ýetip gelýär

Indiki aýyň dowamynda Ýeriň golaýyndan azyndan 20 asteroidiň geçmegine garaşylýar, emma hakykatda olaryň sany has köp bolup biler. Bu barada Nowosibirsk Döwlet Uniwersitetiniň “Wega” obserwatoriýasynyň......

02.06.2026 12:45
7.6k+

Koreýaly alymlar tüwi kagyzynyň kömegi bilen köne elektronikalardan altyn almagy öwrendiler

Günorta Koreýanyň himik alymlary adaty tüwi kagyzyny ulanmak arkaly elektron galyndylardan we senagat zibillerinden altyny bölüp almagyň ekologik taýdan arassa hem-de örän arzan tehnologiýasyny işläp düzdüler....