SLIM ýapon moduly garaşylmadyk ýagdaýda üçünji Aý gijesini hem üstünlikli geçirdi

  • 26.04.2024 20:46
  • 13k+

Ýaponiýanyň SLIM moduly aşa pes temperaturada we Gün şöhlesiz uzak wagtlap oňup biljekdigini görkezmek bilen, üçünji Aý gijesini şowly geçirdi. Bu barada Ýapon kosmos gullugynda (JAXA) habar berdiler diýip, IXBT ýazýar.

Ilkibaşda SLIM gonuş moduly Gün panellerini süýşürip, Aýyň üstüne nädogry tarapy bilen gondy. Şeýle-de bolsa, fewral aýynyň ahyrynda apparat garaşylýandan has ýokary bolup, Aý gijesinden - takmynan 14 Ýer gününden soň işläp başlady.
SLIM  -130°C-a ýetýän buzly temperatura üstünlikli döz gelip, Aýyň üstüniň täze şekilleri Ýere iberdi.
24-nji aprelde JAXA üçünji gezek oýanandan soň, modul bilen üstünlikli aragatnaşyk saklandygyny tassyklady we aşa sowuk Aý gijelerine şeýle çydamly bolmagy göz öňünde tutulmadyk hem bolsa, gonuş modulynyň gurluşynyň berkligini tassyklady diýip belledi. Agentlik Aýyň ekstremal şertlerine SLIM-iň haýsy komponentleriniň has oňat çydamlydygyny kesgitlemek üçin, oňa gözegçilik etmegini dowam etdirer.
Ýapon Aý modulynyň 2024-nji ýylyň 20-nji ýanwarynda Ýeriň emeli hemrasyna gonandygyny ýatladýarys, netijede, Ýaponiýa Aýda ýumşak gonuşy amala aşyran bäşinji ýurt boldy.


düýn 10:53
1.6k+

Pagta süýjüsinden hem ýeňil: NASA aşa ýeňil bolan iki ekzoplanetany açdy

NASA-nyň TESS kosmos obserwatoriýasy ýerdäki teleskoplar bilen bilelikde dykyzlygy adatdan daşary pes bolan iki sany ekzoplanetany ýüze çykardy. Olar bir ulgamda ýerleşip, özara orbital täsirler arkaly......

düýn 09:54
4k+

Alymlar: ýaşlar häzirki wagtda öňkä garanyňda has çalt garraýar

Nature Medicine žurnalynda çap edilen täze gözleg häzirki ýaş nesliň özlerinden öňki nesillere garanyňda, şol bir ýaşda has ýokary biologiki ýaşda bolup biljekdigini görkezdi....

26.06.2026 23:37
4.2k+

Alymlar Ýerdäki iň gadymy krateriň ýaşyny takyklady

Kertin uniwersitetiniň we Günbatar Awstraliýanyň Geologik gullugynyň alymlary Ýerde mälim bolan iň gadymy krateriň ýaşynyň, takmynan, 3 milliard ýyla deňdigi baradaky netijä geldi. Bu ylmy işiň netijeleri......

26.06.2026 15:40
2k+

Jeýms Webb «GJ504b» ekzoplanetasynyň üýtgeşik gülgüne reňkiniň sebäbini düşündirdi

«Jeýms Webb» kosmos teleskopy Ýerden, takmynan, 57 ýagtylyk ýyly uzaklygynda ýerleşýän «GJ504b» ekzoplanetasynyň geň galdyryjy gülgüne reňke eýe bolmagynyň sebäbini anyklamaga kömek etdi....